Italiýanyň Kubogy ýaryşynda «Ýuwentus» hem-de «Atalanta» finala çykdy. 1-nji oýunda öz meýdançasynda 2–0 ýeňen «Ýuwentus» myhmançylykda «Lasiodan» 2–1 (Kastelýanos 12, 48 — Milik 83) hasabynda ýeňilse-de, finalda oýnamaga hukuk gazandy. Kubogy 14 gezek eýelän «Ýuwentus» 22-nji sapar finala çykdy.
«Ýuwentusyň» finaldaky garşydaşy «Atalanta» öz meýdançasynda «Fiorentinany» 4–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (Koopmeýners 8, Skamakka 75, Lukmen 90+5, Paşaliç 90+8 — Martines Kuarta 68). 1-nji oýunda 1–0 ýeňiş gazanan «Fiorentina» topary 53-nji minutdan soň meýdançada 1 oýunçy az bolup galdy. Şunlukda, «Atalanta» topary 6-njy gezek finala çykyp, olar şu wagta çenli diňe 1 gezek ýeňiji bolmagy başardy (1963).