Sport — zamanamyzyň zynaty

24 Aprel 2024
691

Sport halklaryň arasynda dost-doganlyga esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sporty ösdürmekde we köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmakda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň sport ulgamynda Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi ýaly iri sport guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmegi we 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy ýurdumyzda sporta ýokary derejede üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Çaly Babaniýazow,
Bereket etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.