Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda “Altyn top” ady bilen okuwçy ýaşlaryň arasynda futbol ýaryşy geçirildi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda bolan ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlar gatnaşdy.
Gyzykly geçen ýaryşda ökde toparlar öňe saýlandylar. Netijede, etrapdaky 1-nji orta mekdebiň topary birinji, 10-njy orta mekdebiň topary ikinji, 21-nji orta mekdebiň topary üçünji orny eýeledi. Ýeňiji toparlar hormat hatlary bilen sylaglandy.