Watany ýürekden söýen akyldar

19 Aprel 2024
721

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy akyldar şahyra goýulýan belent sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilini sarpalamak bilen: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galan beýik akyldar şahyrdyr» diýip nygtaýar.

Magtymguly Pyragy Watanymyzy, türkmeniň ajaýyp topragyny çyn ýürekden söýen şahyrdyr. Pyragy bu mukaddes düşünjäni oňa bolan baky ynanjy esasynda has beýiklige galdyrypdyr, şol duýgular esasynda ol özüniň ynançlaryny goşgy setirlerine siňdiripdir. Şahyryň Watan mukaddesligi, gymmaty hakyndaky pikirleri «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gadryn näbilsin», «Gidiji bolma», «Terk eýleme bu mekany», «Gymmat ýagşydyr», « Ýetirmez hijran», «Ötgül Pyragy», «Zemine batar», «Pynhan eýlär» ýaly goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gözel Aýdogdyýewa,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.