«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Öňde goýlan maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurtda bu ugurdaky hereketleriň täze usullary kemala getirilýär, ussat türgenleri taýýarlamak ugrunda toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine itergi berilýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgelerine eýe bolmagy, şeýle-de sport boýunça halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňelmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri boldy.