«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny berkitmek, adamlaryň döredijilikli zähmet çekmegi we gowy dynç almagy üçin şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda saglyk ulgamyny, şol sanda sagaldyş-şypahana dynç alyş we sport ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda hem-de Diýarymyzyň ähli künjeklerinde ajaýyp şypahanalar, bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.