«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024
Türkmenistanda bedenterbiýe we sport arkaly halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmek bedenterbiýe we sport ulgamynyň işgärleriniň esasy maksady bolup durýar. Şu maksat bilen hem ýurdumyzda dürli ýaşly oglan-gyzlaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Şeýle ýaryşlaryň biri-de 2008-2010-njy ýyllar aralygynda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nesilleri» ady bilen geçirilýär. Ýurdumyzyň berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgesini üpjün etmek, olaryň arasynda ruhubelentligi, päkligi, dost-doganlygy berkitmek, güýçli, başarjaň türgenleri saýlap-seçmek we olaryň sport bilen maksatlaýyn meşgullanmaklaryny gazanmak ýaryşyň esasy wezipelerini düzýär.