Angliýanyň Liga Kubogynyň (EFL Cup) finalynda «Liwerpul» bilen «Çelsi» toparlary duşuşdy. Londondaky «Wembley» stadionynda oýnalan finala 88 müň 868 janköýer tomaşa etdi. Çekeleşikli geçen duşuşykda esasy wagtda hasap açylmady. Toparlar birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Goşmaça berlen wagtyň tamamlanmagyna az wagt galanda, has takygy, 118-nji minutda «Liwerpulyň» ýyldyz goragçysy Wirjil Wan Deýk topy kelle urgusy bilen derwezä gönükdirdi. «Çelsi» toparyna bu gola jogap bermek üçin wagt ýeterlik bolmady. Şunlukda, «Liwerpul» topary 2022-nji ýyldan soň «Çelsini» ýene bir gezek ýeňip, umumylykda 10-njy gezek Liga Kubogyny gazanmagy başardy. «Liwerpul» bu kubok ýaryşynda iň köp ýeňiji bolan topar bolup, 2-nji ýerdäki «Mançester Sitiniň» 8 kubogy bar. Bu ýeňiş toparyň tälimçisi Ýurgen Kloppuň «Liwerpuldaky» 8-nji, karýerasyndaky 13-nji kubogydyr.
«Çelsi» topary 2019-njy ýyldan bäri hem Liga Kubogynda, hem-de FA Kubogynda jemi 6 gezek (hersinde 3 sapar) finala çykyp, olaryň ählisinde-de ýeňlişe sezewar boldy.