"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlar — bagtly geljegimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-bilimi ösdürmek, ýaş nesle kämil bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu günki günde ýaşlar giň dünýägaraýyşly, ussat hünärmenler bolup ýetişýärler. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmeginiň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmak üçin işjeň we maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýakynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy çykyş edip, şeýle belledi: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini-de berýär. Bu günki gün ýaşlaryň başarnyklary, zehinleri bizi diýseň buýsandyrýar. Hawa, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesiller kemala gelýär. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olaryň watansöýüji ýaşlar bolmagy hakynda alada etmek baş ýörelgämizdir. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň esasynda milli terbiýe berilýär. Bu nusgalyk kitaplar bilim işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr.

Ösüşleriň nurana ýolunda

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda taryhy waka öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy mejlisdäki çuň manyly çykyşynda bilim ulgamy barada aýratyn durup geçmegi bizde ýakymly täsirleri döretdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglerine laýyk kämilleşdirmäge badalga berlendigini aýdyp, ýurdumyzda döwrebap bilim edaralarynyň geljekde hem gurulmagynyň, ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmegiň maksadalaýykdygyny, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň sanawyna girýän bilelikdäki ýokary okuw mekdeplerini ýa-da olaryň şahamçalaryny açmagyň ýaşlarymyz üçin hem, jemgyýetimiz üçin hem bähbitli boljakdygyny belledi. Bu bolsa, ählimizde gyzgyn goldaw tapdy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamynda bolup geçýän täzelikleriň bilim işgärlerini örän begendirýändigini aýratyn bellesim gelýär. Şanly ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdi

Okuwçylara goşgulary öwretmegiň ähmiýeti

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okadylýan dersleriň hatarynda türkmen dili we edebiýat sapaklaryna aýratyn orun degişlidir. Bu dersler çagalaryň diňe bir sözleýiş we pikirleniş başarnyklaryny ösdürmäge kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine-de ýardam edýär. Edebiýat sapagyny geçenimizde okuwçylara goşgular hakynda düşündirýäris, goşgulary ýatdan aýtmagy öwredýäris. Goşgulary ýat tutmak çagalar üçin ilkibaşda ýeňil bolmasa-da, dogry çemeleşmäni saýlap almak has gowy netijelere ýetmäge kömek edýär. Çagalar goşgulary ýat tutmak arkaly ýatkeşligini berkidýär. Diňe bir gaýtalap ýat tutman, eýsem, şygyrlaryň many-mazmunyna düşünip öwrenmek ählitaraplaýyn peýdalydyr. Ilki bilen, çagalara düşnükli bolan goşgulary saýlap almak, olaryň her bir setiriniň manysyny ýönekeý sözler arkaly düşündirmek çaganyň aňynda logiki yzygiderliligi gurmaga kömek edýär. Goşgular çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä saýlanyp alynmalydyr.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Sapaklary guramakda döwrebap ugurlar Dil öwrenmek belli bir derejede kämil şahsyýeti kemala getirýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ynsanyň pikirleniş ukybyny kämilleşdirýär, sözleýiş medeniýetini ösdürýär, döredijilik ukybyny artdyrýar. Daşary ýurt dilini öwrenmegiň täze bir dünýäni öwrenmek bilen deňdigi hakynda okuwçylara düşündirýäris. Okuwçylaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär we kämilleşmeklerine ýardam edýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy ýokary derejede ösdürilýär, maksatnamalar üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Esasan hem, sanly ulgamy ösdürmek, bu ugurdan kämil hünärmenleri taýýarlamak baş maksatda goýulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwrümizde pudaklara sanly ulgam giňişleýin ornaşdyrylýar. Bu bolsa ylmy esasda amala aşyrylyp, ösüşi has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi işleriň tiz amala aşyrylmagynda, guramaçylygy sazlaşykly ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Aslynda, sanly ulgam düşünjesi uzak aralykdan gepleşikleri geçirmäge, elektron resminamalary dolandyrmaga, okuwlary ýa-da ylmy maslahatlary onlaýn görnüşde guramaga niýetlenendir. Şonuň üçin hem häzirki wagtda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýokary tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Röwşen geljegiň binýady

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklary olaryň halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Bilim ulgamynda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy tejribelere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň diňe şu günki ýaşlaryň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi guwandyryjydyr. Bu günki gün bedew bady bilen halkara derejesindäki ösüşlere beslenýän edermen, zähmetsöýer türkmen halky ýagty ertirine — alyslara, ýüzýyllyklara nazar aýlaýar. Bular bolsa beýik maksatlar bilen halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly mertebä göterilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakdan, bagtyýar türkmen halkyny adamzat ösüşiniň täze belentligine çykarmakdan ybaratdygynyň aýdyň mysallary bolup durýar.

Küşt oýnunyň aýratynlyklary

Umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň aňynyň ösüşini kämil derejede kemala getirmek mugallymlaryň esasy maksadydyr. Küşt oýny pikirleniş işini tejribedäki hereketler bilen baglanyşdyrmaga, meseläniň şertini we çözüliş ädimlerini aýdyňlaşdyrmaga kömek edýär. Küşt tagtasynyň bary-ýogy 64 öýjükden ybaratdygyna garamazdan, matematikada küşt we küşt tagtasy bilen baglanyşykly gyzykly, biri-birine meňzemeýän meselelere duş gelmek bolýar. Küşt — diňe bir gyzykly oýun bolmak bilen çäklenmän, akyly ösdürmegiň serişdesidir.

Bilim — ösüşleriň binýady

Bilim ýurt ösüşleriniňdir özgertmeleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamyny ösdürmek, ýaşlara berilýän bilimiň kämil bolmagyny üpjün etmek hormatly Prezitentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary hem-de hünär öwrenmekleri, ýaş hünärmenleriň döredijilikli iş alyp barmagy üçin giň şertler döredilýär. Şu günki kämil bilim eýeleri gelejekde kär-hünärinde üstünlikli zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Ylym-bilimiň serhedi ýokdur. Adamzat mydama öwrenmäge, özleşdirmäge döwtalap bolansoň, ylmy gözlegler ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň hem ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Adam köp bildigiçe kuwwatly bolýar, öňünde goýan maksadyna erjellik bilen ýetýär. Bilimini tejribede ýerlikli ulanýan adam durmuşdaky üstünlikleriniň binýadyny gurýar. Bilim, zehin, tejribe utgaşanda bolsa, kämillige eltýän menziller abraý-mertebä eýe edýär.

Döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ýagty geljegini nazarlaýan beýik işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, watansöýüji, giň gözýetimli ýaş nesli ýetişdirmekde bilim-terbiýeçilik işleri durmuş-ykdysady wezipeler bilen berk baglanyşykda alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň resminamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu resminama 2028-nji ýyla çenli bilimiň ähli basgançaklarynyň kämilleşdirilmegine hem-de ýurdumyzyň halkara giňişligine sazlaşykly goşulyşmagyna ýardam eder. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almaklaryna, nazary bilimlerini kämilleşdirmeklerine, iş başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna, sanly tehnologiýalary öwrenmeklerine ýard

Kämilligiň berk binýady

Häzirki wagtda ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ýaşlar dünýä dillerini oňat bilmek bilen, ylmy kitaplardan peýdalanyp, iň döwrebap mümkinçilikleri ele alýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna, ylmy- döredijilik işlerine höweslendirilmegine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň biridir. Şulardan görnüşi ýaly, ýaşlara halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim berilmegi, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilime höwesi has artýar. Bilim ulgamynda innowasion çemeleşme bilen häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy ýaşlaryň täze nesliniň kemala getirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny,

«Filologiýanyň meseleleri» atly elektron žurnalyň ilkinji sany

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek hakyndaky teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynyň batly depginlerde ösýän, sanly ykdysadyýetiň we sanly bilimiň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan, ylmyň dünýä derejesinde ösdürilýän, kämilleşdirilýän döwründe şunuň ýaly elektron neşirleriň ýola goýulmagy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň çäklerinde, ýakynda «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly elektron žurnalyň ilkinji sany okyjylar köpçüligine ýetirildi. Okyjylar bu žurnaly datmddi.edu.tm saýtyndan okap bilerler. Türkmen, iňlis, rus dillerinde üç aýda bir gezek çap edilýän bu elektron neşirde, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylymda, bilimde amala aşyrylýan özgertmeleri, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri, tejribeleri wagyz etmek, dünýä ýaýmak, ýaşlary ylma ugrukdyrmak, aspirantlaryň, doktorantla

Täsirli sapaklary guramagyň terbiýeçilik ähmiýeti

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan sapaklarda her bir temanyň çagalar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmegi, sapagyň oýunlar, görkezme esbaplar, aýratyn-da, häzirki zamanyň döwrebap serişdeleri arkaly guralmagyna baglydyr. Munuň şeýledigine oňat düşünýän terbiýeçi mugallymlar her bir sapagynda multimedia serişdelerinden peýdalanmak üçin taýýarlyk görýärler. Öňki geçilen tema häzirki öwrenilýän tema bilen baglanyşykly bolanda, olaryň utgaşykly öwrenilmegi çagalaryň çuňňur bilim almagyna ýardam edýär. Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramak terbiýeçileriň esasy wezipeleriniň biridir. Sapaklarda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek maksady bilen, çagalarda oýun, durmuş, bilesigelijilik başarnyklaryny kemala getirmek üçin ýörite meýilnamalar düzülýär. Sowat öwretmek, sözleýşi ösdürmek, daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak, ýönekeý matematik düşünjeleri öwretmek, aýdym-saz we beýleki sapaklarda çagalar üçin dürli görnüşli görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Birnäçe oýun usullary bilen sapaklar guralýar. Halk döredijiligine degişli bolan erteki gahrymanlaryndan hem peýdalanyp, oýunlaryň görnüşleri düzülýär we çagalar bilen bilelikde ýerine ýetirilýär. Bu bolsa çagalar bilen gu

Okuwçylaryň dil baýlygyny artdyrmak

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ýörelgelerimize, pederlerimizden gelýän mirasymyza uly sarpa bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz giňişleýin öwrenilýär, şeýle hem bu gymmatlyklar ýaş nesillere öwredilýär. Ýaşlara ene dilimizi öwretmek asylly ýörelgeleriň biri bolup, bu iş başlangyç synplardan ýola goýulýar. Okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak üçin ene dili sapagyny guramaçylykly geçýärin. Şunda okuw kitabyndan, şeýle hem multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanýaryn. Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Milli terbiýäniň gözbaşy ene diline bolan söýgüden başlanýar. Türkmen dilinde nakyllaryň, paýhasly sözleriň üsti bilen ýaşlara asylly terbiýe bermek mümkindir. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda işler barha giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Kompýuter tehnologiýasyny öwretmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, ruhubelent, sagdyn bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, orta mekdeplerde okuw sapaklaryň many-mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň hili gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi gönüden-göni orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň derejesine baglydyr. Orta mekdeplerde okuwçylara kompýuter tehnologiýalary ýörite ders hökmünde geçilýär. Häzirki wagtda okuwçylar kompýuter tehnologiýasyny öwredýän informatika sapagyna işjeň gatnaşýarlar.

Hünärli ýaşlar kemala gelýär

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mähriban Watanymyzda ylym-bilim ösdürilýär, döwrebap mümkinçilikler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýaşlaryň bilimli, hünärli bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň üçin bilim işgärleriniň iş tejribeleri artdyrylýar, okatmagyň iň döwrebap usullary durmuşa geçirilýär. Şunda mugallymlar ýaşlara bilim öwretmek işinde iň kämil usullary ulanýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, watansöýüji ynsanlar edip ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Bu babatda ýaşlara ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz, şeýle hem akyldar şahyrymyzyň goşgulary öwredilýär. Bularyň ählisi ýaşlarda Watana bolan söýgini, milli gymmatlyklarymyza buýsanjy kemala getirýär. Halkymyzyň asylly ýörelgesine oňat düşünýän ýaşlar kitap okamagy, bilim öwrenmegi baş maksatlary edinýärler. Olar ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ene diline oňat düşünýän, nusgawy edebiýata belent sarpa goýýan ynsanlar bolup ýetişýärler. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrylan döwrebap ylym-bilim ojaklarynda okaýan ýaşlar ata Watanymyzyň ertiri, guwanjy hasaplanýar.

Netijeli işleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdeplerinde täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda amatly bilim gurşawyny döretmek, ýaş nesle ýokary hilli bilim bermegiň usulyýet esaslaryny kämilleşdirmek, mugallymlar düzüminiň pedagogik tejribesini ýokarlandyrmak baradaky işler oňat netijesini berýär. Şu işleriň maksadynda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilmeklerini gazanmak, Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişliginde gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, abraý-mertebesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Häzirki ajaýyp döwürde okatmagyň hili ýokarlandyrylýar, iň döwrebap usullar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda sanly ulgamyň mümkinçilikleri hem peýdalanylýar, çünki sanly ulgamyň ösdürilmegi netijesinde döwrebap şertler döredilýär.

Röwşen geljegiň şuglasy

Ylmyň we bilimiň ösdürilýän häzirki döwründe ýaş nesilleri durmuşa taýýarlamak, olaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerini üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda döwrebap bilimlere, sanly ulgamyň özleşdirilişine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem sanly bilimi ösdürmek, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek baş maksadymyzdyr. Maglumat we innowasion tehnologiýalar çalt ösýär. Häzirki wagtda dünýäde innowasion, şeýle hem kompýuter tehnologiýalaryna uly üns berilýär. Şunda sanly tehnologiýalaryň ýokary tizlikli ösüşini görmek bolýar. Munuň özi geljegiň bilim bilen, nanotehnologiýanyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň beýan edýär.

Okuw maslahaty

«7/24.tm»: №41 (228) 07.10.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li Mer­ke­zi­niň gu­ra­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň gat­naş­mak­la­ryn­da «Hal­ky­my­zyň joş­gun­ly, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti esa­syn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler­de kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň tut­ýan or­ny» at­ly okuw mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler.

Pähimdar pederleriň watansöýüjilik mekdebi

Ýaşlar biziň geljegimiz bolup, olaryň döwrebap bilim almagy, milli häsiýetde terbiýelenmegi esasy ugurlaryň biridir. Hut milli terbiýeden hem olaryň giň dünýägaraýşy, watansöýüjiligi kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň: “Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr” diýen parasatly sözlerini ýörelge edinýäris. Şu parasatly sözlerde ýaşlary terbiýelemegiň hem-de olara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Pähimdar pederlerimiziň watansöýüjilik ýörelgeleriniň gadyr-gymmaty, Watan mertebesi barada ençeme eserler döredilipdir. Islendik ýurduň ösüşi diňe bir onuň tebigy serişdeleri, ykdysady we durmuş mümkinçilikleri arkaly däl-de, eýsem, ýokary hünärli, köptaraply hünärmenleriniň, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine bagly bolup durýar. Täzeçil usullar, sanlylaşdyrma, ylmyň gazananlary we ýokary tehnologiýalar häzirki döwürde döwletiň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň, umuman, jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Diýarymyzda täzeçil ösüşe, ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, köpugurly esasda ösdürilmegine, senagat düzümleriniň

Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim berilmegi, olaryň hünär öwrenmegi, edep-terbiýeli, Watana, il-güne wepaly adam-lar bolup ýetişmegi üçin aýdyň maksatly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik maksatly işleriň netijesinde ýurdumyz sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi ýaşlaryň kämil bilim almaklary, döwrebap ösüşleriň üpjün edilmegi bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine mynasyp goşant goşmak döwrebap bilimli ýaşlara bagly bolup durýar. Watanymyzyň ykdysady we medeni ösüşine mynasyp goşant goşmak we onuň abraýyny halkara derejesinde ýokarlandyrmak, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gaza-nanlaryndan habarly, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli ýetişdirmek bu işiň özenini düzýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmakda we bu ugurda bilim bermegi innowasion çemeleşmeler esasynda alyp barmakda mugallymlaryň aýratyn orny bardyr. Döwrebap tehnologiýalaryň, şeýle hem maglumat-telekommunikasion ulgamlaryň ösmegi ýaşlara zerur bolan maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň, öwretmegiň iň täze ugurlary kemala gelýär, çünki sanly ulgamyň ösmegi bilen, okatma