Okuwçylaryň dil baýlygyny artdyrmak

6 Oktýabr 2024
624

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli ýörelgelerimize, pederlerimizden gelýän mirasymyza uly sarpa bar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz giňişleýin öwrenilýär, şeýle hem bu gymmatlyklar ýaş nesillere öwredilýär. Ýaşlara ene dilimizi öwretmek asylly ýörelgeleriň biri bolup, bu iş başlangyç synplardan ýola goýulýar. Okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak üçin ene dili sapagyny guramaçylykly geçýärin. Şunda okuw kitabyndan, şeýle hem multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanýaryn.

Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge uly üns berilýär. Milli terbiýäniň gözbaşy ene diline bolan söýgüden başlanýar. Türkmen dilinde nakyllaryň, paýhasly sözleriň üsti bilen ýaşlara asylly terbiýe bermek mümkindir. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda işler barha giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Güljan MUHAMMETGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.