Kämilligiň berk binýady

6 Oktýabr 2024
585

Häzirki wagtda ylym-bilim ösdürilýär we ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ýaşlar dünýä dillerini oňat bilmek bilen, ylmy kitaplardan peýdalanyp, iň döwrebap mümkinçilikleri ele alýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagyna, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagyna, ylmy- döredijilik işlerine höweslendirilmegine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw bermek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň biridir. Şulardan görnüşi ýaly, ýaşlara halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim berilmegi, häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp, bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilime höwesi has artýar.

Bilim ulgamynda innowasion çemeleşme bilen häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy ýaşlaryň täze nesliniň kemala getirilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Diýarymyzyň ähli şäherdir obalarynda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglaryny, orta mekdepleri gurup, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrýarys. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýäris» diýip, aýratyn belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçiliklerdir.

Mährijamal MOMMYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.