Röwşen geljegiň binýady

8 Oktýabr 2024
555

Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesilleriň bilimleri çuňňur ele almaklary olaryň halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryny şertlendirýär. Bilim ulgamynda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy tejribelere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň diňe şu günki ýaşlaryň däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigi guwandyryjydyr. Bu günki gün bedew bady bilen halkara derejesindäki ösüşlere beslenýän edermen, zähmetsöýer türkmen halky ýagty ertirine — alyslara, ýüzýyllyklara nazar aýlaýar. Bular bolsa beýik maksatlar bilen halkara jemgyýetçiliginiň öňünde uly mertebä göterilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmakdan, bagtyýar türkmen halkyny adamzat ösüşiniň täze belentligine çykarmakdan ybaratdygynyň aýdyň mysallary bolup durýar.

Hydyr HAÝYTLYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.