"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Magtymguly Pyragy

Paýhasyňa dünýäň kalby geň galýar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy!Öwütlerňe barça millet diň salýar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy! Gojaman daglarda baky keşbiň bar,Bu Watana sowulmajak yşkyň bar,Gül Diýarda şägirtleriň-nesliň bar,Dana şahyr Magtymguly Pyragy!

Salam, kinofestiwal!

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, 13 — 15-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ajaýyp sungat baýramy — «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly geçirilýär. Onuň çäklerinde Türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişi, daşary ýurtly meşhur kinoaktýorlar we režissýorlar bilen ussatlyk sapaklary hem guralar. Festiwalda sungat muşdaklaryna türkmen kinematograflarynyň döreden täze eserleri bilen birlikde, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan hem-de Tywa Respublikalarynyň sungat ussatlarynyň döreden çeper, dokumental hem-de multfilmleri tomaşaçylara hödürlenilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary halkara festiwala ýokary derejede taýýarlyk gördüler. Bagtyýar watandaşlarymyza türkmen kinoçylarynyň «Kompozitor», «Magtymguly Pyragy», «Kitap», şeýle hem türkmen we özbek kino işgärleriniň bilelikde taýýarlan «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmleri, Magtymgulynyň döredijiligi barada Hindistanda, Azerbaýjanda hem-de Özbegistanda düşürilen dokumental filmler hem-de «Röwşen» atly multfilm görkeziler. Görnüşi ýaly, festiwala türkmen kine

Aýdym-saza maýyl bolsaň

Adam bedeni ýaşamak üçin kadaly iýip-içmäge, dem almaga mätäç bolşy ýaly, ruhy taýdan iýmitlenmäge-de zerurlyk duýýar. Aýdym-saza teşneligimiz, mahal-mahal özümiziň-de hiňlenip, joşubermegimiz hem şu sebäpli bolsa gerek. Bilermenler sazyň her adama özboluşly täsir edýändigini belleýärler. Aýdym-saz sungaty jana ýakymly, ýüreklere ganat beriji «iýmitdir». Ol adamyň ýüregine güýç, göwnüne juwanlyk berýär, garrylygyň, tapdan düşmekligiň öňüni alýar, dertleri dep edip, özüňi duýşuňy gowulaýar, immuniteti ýokarlandyrýar. Saz diňlemek we saz gurallarynda saz çalmak, aýdym diňlemek ýa-da aýdym aýtmak — adamyň nerw ulgamyna rahatlyk berýär. Haýsydyr bir iş bilen meşgullanan pursatlarymyzda, ýolda-ýörişde göwnümize ýaraýan aýdym-sazlary diňlemek saglyk ýagdaýymyza peýdaly täsir edýär. Ol adamyň günüň dowamyndaky ýadawlygynyň geçmegine, işe başlamazdan öň diňlenende bolsa, zähmet gününe has keýpiçag başlamaga höweslendirýär. Mundan başga-da, aýdym-sazy köp diňleýän adamlaryň ýatkeşligi beýlekilerden tapawutly bolýar.

Milli medeniýetimize buýsanç

Häzirki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylýan üstünlikler, beýik ösüşler ähli watandaşlarymyz bilen birlikde, bilim işgärlerini hem örän buýsandyrýar. Bu ýylda hem şöhratly taryhymyz, milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar, giňden wagyz edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda medeniýet diplomatiýasy ösdürilýär. Hut şonuň netijesinde hem, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleri dünýä dillerine terjime edildi. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz «Açyk gapylar» we oňyn Bitaraplyk syýasatyny amala aşyryp, parahatçylykly, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr. Türkmenistanyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasat

Kino sungaty dabaralanýar

Şu gün paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açylýar. Onuň açylyş we ýapylyş, baýraklarynyň gowşurylyş dabaralary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Bu sungat baýramçylygynyň çäklerinde «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar. Kinofestiwal 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde, 2022-nji ýylda Bursa şäherinde, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirildi. Festiwalyň netijeleri boýunça «Iň gowy film», «Iň gowy dokumental film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy edebi esasy ýazyjy», «Iň gowy zenan keşbi», «Iň gowy erkek keşbi» ýaly birnäçe ugurlardan baýraklar bellenilendir. Şeýle hem onuň çäklerinde türki medeniýetiň ösmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halypalar hem sarpalanýar.

Kino sungatynyň ussady

Milli sungatymyzy ösdürmek, ussat halypalary ýatlamak, hatyralamak biz — medeniýet işgärleriniň borjudyr. Türkmeniň kino sungatyny dünýä ýaýmakda ençeme işleri bitiren halypalaryň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Muhammet Söýünhanowdyr. Ol özüniň gysga, emma manyly ömründe türkmen kino sungatynda hiç kimiňkä meňzemeýän täsin komediýalary bilen bir hatarda, döwrüň wajyp meselelerine bagyşlanan täsirli dokumental filmleriň hem birnäçesini surata düşürdi. XX asyryň 70-nji ýyllary Muhammet aganyň öndümli işlän ýyllary bolýar. Ol ýaşlara niýetlenen «Söýmek gerek» atly filmi surata düşürip, söýginiň adamzady hemişe tolgundyryp gelendigini, ony goramagyň zerurdygyny ýaşlara ündew edýär.

Haly düşek törde ýagşy

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasyny bezeýän 70-e golaý şygyrlarynda dokmaçylyk önümleri, esbaplary, bezegleri, matalaryň atlary, reňkleri bilen bagly leksik aňlatmalaryň 100-den gowragy duş gelýär. Şahyryň «Gyş bolar», «Nahana geldiň», «Bibat görüner», «Utup durupdyr», «Daň atmazdan burun», «Don gerek», «Şalyk bile», «Atça bolmaz», «Köýmän ýigide», «Köz bile», «Ölmezden burun»... ýaly goşgularyny milli dokmaçylyk önümlerine bagyşlanan eserleriň iň görnükli nusgalary hasaplamak bolar. Dananyň «Şalyk bile» atly gazalynyň ikinji bendiniň üçünji setirinde «Ýatsa ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim», «Don tapylmasa» atly şygrynyň birinji bendinde «Dok talaşar sigse hylgat geýmäge, // Kilim gözel zatdyr don tapylmasa» diýen pähimli setirleri okamak bolýar. Kilim — ýüwürdilende, haly ýaly ýüwürdilip, öýdülip dokalýan, ýüzüne dürli nagyşlar salynýan, kiçi dokmaçylyk düşeklik önümidir. Ýaşy üç asyry dolduryp barýan ussadyň dana setirlerinde sigse sözi — ýüz, şatlanyp, joşup, doýgun, şeýda ediji, saýlanan, arassa diýmekligi, hylgat sözi — şalaryň halady, emirleriň serpaýy, begleriň sylagly peşgeşi diýmekligi aňladýar.

Ýazyjynyň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan dabara

Düýn Kerki etrabynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, belli ýazyjy Osman Ödäýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi. Okyjylara çuňňur mazmunly eserleriň 34 tomlugyny miras galdyran ýazyjynyň etrap medeniýet öýünde geçirilen dabarasyna ýurdumyzyň tanymal ýazyjy-şahyrlary, edebiýaty öwreniji alymlar, medeniýet we sungat işgärleri, belli bagşy-sazandalar, ýazyjynyň eserleriniň muşdaklary we bilim işgärleri gatnaşdylar. Pederlerimiziň merdi-merdanalygyny, dünýä halklaryna nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini, medeni-ahlak gymmatlyklaryny şöhlelendirýän eserleri bilen okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan Osman Ödäýewiň ömri we döredijiligi baradaky çykyşlar bu ýere ýygnanan edebiýat muşdaklarynda aýratyn täsir galdyrdy. Ömrüni edebi döredijilige bagyşlan Osman Ödäýewiň adynyň dogduk obasyndaky köçä, özüniň okan mekdebine dakylmagy hem-de bu ýerde heýkeliniň oturdylmagy ýazyja döwletimiz tarapyndan goýulýan belent sarpanyň ýüze çykmasydyr. Ussat ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan watansöýüjilige, milli ýörelgelerimize ygrarlylyga ýugrulan, ynsan mertebesiniň mukaddesliklerini açyp görkezýän hekaýalardyr powestleri, giň göwrümli romanlary halkymyz üçin ruhy ýörelgedir, nesillerimiz üçin watançylyk hem-de ynsanperwerlik mekdebidir diýlip, çykyşlaryň dowamynda nygtalyp bellenildi. Şeýle hem çykyş edenler beýik şahsyýetlerimize, döredijilik işgärlerine goýýan belen

Milli terbiýede görelde mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň ýaşlary milli ruhda, sagdyn bedenli, ösen aň-düşünjeli nesiller edip terbiýelemek, olary dogry ýola gönükdirmek babatda nusgalyk ýol-ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Şöhratly taryhymyzdan mälim bolşy ýaly, türkmen halky ylma, bilime, döredijilikli zähmete sarpa goýup, adamzadyň maddy we ruhy gymmatlyklaryna özüniň mynasyp goşandyny goşup gelen, dünýä medeniýetinde öçmejek yz galdyran halkdyr. Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen, merdana halkymyzyň bu asylly ýörelgesi häzirki döwürde döwlet derejesinde mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan asylly däpler, milli ýörelgeler häzirki döwrüň iň öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar. Türkmen halkymyzda “Akyl ýaşda däl, başda” diýen parasatly söz bar. Munuň özi milli terbiýäni has ir başlamalydygyny aňladýar. Ýaş çagalarymyzy, nesillerimizi başdan terbiýeli edip ýetişdirmek, olaryň aňyna diňe oňat häsiýetleri siňdirmek biziň borjumyzdyr. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä, ömri bilen ömürdeş boljak hünäri saýlamagynda ata-enäniň, mugallymyň tutýan orny uludyr. Höwesli, irginsiz, yzygiderli zähmet çekmek, işlemek arkaly hünär eýesi bolunýar. Käri, hünäri birkemsiz ele almakda halypanyň, ussadyň goldawy, öwüt-nesihaty, bilimi aýratyn

Taryhçy suratkeş

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, «Gaýrat» medalynyň eýesi, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Sergide nakgaş mugallymyň dürli ýyllarda döreden «Amyderýa agşamy», «Hazar maýagy», «Gurtly köli», «Durnalar» we ýene birnäçe ajaýyp eserleri görkezilýär. Ussat suratkeş öz eserlerinde türkmen topragynyň tebigy gözelliklerinden başlap, döredijilik saparlarynda bolan dürli ülkeleriniň owadan görnüşlerine çenli ýüzlenýär. Onuň döredijiliginde milli däp-dessurlarymyz, özboluşly medeniýetimiz we şöhratly taryhymyz öz beýanyny tapýar.

Magtymgula köňül beren

Halypa suratkeş Allamyrat Muhammedowyň döredijiligi hakynda söhbet

Medeni habarlar

Berekediň çeper beýany 5-nji noýabrda şeýle at bilen ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy. Sergide belli nakgaşlar Merdan Kakabaýewiň «Süýji gawun», «Ak bugdaý», «Gülabylar we üzümler», Aşyrjuma Nuryýewiň «Sandykgaçynyň almalary», «Agronomyň portreti», Nikolaý Çerwýakowyň «Daýhanlar», «Säher», heýkeltaraşlar hem-de keramikaçylar Muhammet Ýüzbaşowyň «Hasyl baýramy», Çary Durdyýewiň «Miweler», «Hasyllylyk», Alekseý Şetininiň «Harmanda», Welmyrat Jumaýewiň «Pagtaçylar» ýaly eserleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.

OWAZLY DÜNÝÄNIŇ TOLKUNLARYNDA

Döwür özgerýär, şonuň bilen birlikde bizi gurşap duran tutuş barlyk hem şol özgerişi başdan geçirýär. Bu gün gözümiziň öwrenişen her bir närsesi ertir başga bir görnüşde peýda bolýar. Emma radio – şol öňki radio. Internetiň, sanly we onlaýn teleýaýlymlaryň barha ynsan durmuşyna çuň aralaşýan döwründe radionyň möwriti geçip barýar diýýänler hem bar. Emma şeýle diýýänler hem barybir radio diňleýärler. Jemgyýetçilik ulaglarynda, öýde, işde arakesme mahaly bolsun tapawudy ýok, barybir olar radio diňleýändirler. Şahsy ulagyňda gidip barýansyň welin, özüňden bidin radionyň nurbatyny towlanyňy duýmarsyň. Edil gadyrdan byradaryň sesini küýsän ýaly, radio eşidesiň geler. Özem eşidesiň gelýänini bilmezden oňa gulak gerersiň. Uzakly gün radionyň sesi ýaňlanyp durýan öýler bar. Gije başujynda radio goýup, süýji uka gidýän ynsanlar bar. Henizem her gün ýüzlerçe, hatda müňlerçe adamlar radio tolkunlarynda durmuşynyň iň bagtly, iň arzyly günleriniň bagtyýarlygyny, ýürek buýsançlaryny paýlaşýarlar. Onsoň neneň radio möwritini ötüren diýip bilersiň. Radio möwritini ötürer ýaly ýönekeý tehnika däl ahyry. Onda ýürekdeşlik, hamraklyk bar. Onuň tolkunlary ynsanyň ýürek urgusyna çalymdaş. Onda ýürek bar, diýmek ol ýaşaýar, ol janly.

Reňkleri gürledýän ynsan

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny çuňňur öwrenmäge giň ýollar açylýar. Bagtyýar zamanamyzda milli dizaýn, nakgaşlyk we grafika sungatlarynyň utgaşykly ösüşine, şeýle-de halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, arheologiýa we muzeý işini düýpli öwrenmäge saldamly goşant goşan şahsyýetleriň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty, «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» we «Magtymguly Pyragy» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurowdyr. Ö. Mämmetnurowyň ady eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tanalýar. Halypanyň Watanymyzyň öňünde bitiren işleri oňa meşhurlyk getirdi. Mälim bolşy ýaly, halypanyň giň gerimli döredijiligi onuň köptaraply zehinini açyp görkezýän täze pikir-düşünjeleriň özboluşly beýanydyr. Ussat dürli žanrlar we akymlar boýunça ençeme eserleri kemala getirip, öz döredijiliginde birnäçe sungatlary özara utgaşdyrmagy başardy.

Arkadag şäheriniň binagärliginiň çeper çözgütleri

Medeniýetiň ösüşiniň ähli döwürleriniň dowamynda adam öz durmuşyny gözelleşdirmäge, daş-töweregini gurşap alan zatlary — jaýyny, egin-eşigini, gap-gaçlaryny, zähmet gurallaryny owadan, gözegelüwli etmäge çalşypdyr. Her bir zadyň gymmaty onuň peýdasy we göze ýakymlylygyndadyr. Islendik bir zadyň, mydama durnuksyz hem-de, taryha görä üýtgäp durýan tehniki we estetiki başlangyjy bar. Biziň daş-töweregimizdäki zatlar dünýäsini proýektleşdirmekde, adamyň döredijilik işiniň ähli görnüşlerini ýerine ýetirilende, owadanlygy we peýdalylygy özünde jemleýär.

Ussadyň aýdanlaryndan

Dünýäde şeýle bir ýer bar: kalbyň ýylysy ýaly ol ýere «Teatr» diýilýär. * * *

Kalpdan dörän keşpler

Bize miras galan türkmen teatrynyň we kinosynyň halypalyk mekdebiniň, ýolunyň ilkinji başynda onlarça halypalaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewa hem dur. Halypa artistiň çuň kalbyndan, irginsiz, yhlasly zähmetinden, esasan hem, tebigy zehininden dörän keşpler tomaşaçylaryň ençeme neslini terbiýeläp gelýär. Ýüz ýyldan gowrak mundan öň, has dogrusy, 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Bäherden etrabynyň Bamy obasynda gol doly maşgalada bir gyzjagaz dünýä inýär. Ene-atasynyň mähir-söýgüsinden boý alýan, ýaşajyk daragt kimin, ösüp gelýän gyzjagaz üç ýaşynda olardan jyda düşýär. Mährem ojagyň ýylysynda ezizlenmeli çaga ýetimler öýünde ulalmaly bolýar. Ene söýgüsiniň, ata mähriniň zarynda kämillik ýaşyna ýeten şol gyzjagaz — Sabyr ykbalynyň, ömrüniň manysyny adamlara söýgi paýlamakdan agtarýar. Ýollar ony 1936-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky ýokary teatr mekdebine alyp barýar. Ol bu ýerde soňlugy bilen, türkmen teatr sungatynda özleriniň özboluşlylygy, aýratyn zehinleri bilen tapawutlanan Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gapurowa we ýene-de onlarça türkmen oglan-gyzlary bilen teatr sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmekde bilim alýarlar.

Jeren LOKGAÝEWA, Sabyr Ataýewanyň gyzy:

— Ejem bilen bagly ýadymda galan wakalaryň ählisini aýdyp çykjak bolsam uzak gürrüň. Esasy häsiýetlerini aýtsam, kiçigöwünli, ýüregi ýuka, içeriň arassaçylyk-tertibinde iňňän arassaçyl bolandygyny aýtmak gerek. Bize-de kiçiligimizden arassaçylygy öwrederdi. Işeňňirligi hem aňyrdan. Işden gelende elinde depder bar bolsa dagy, täze keşp tabşyrylandygydyr. Onsoň işiniň başyna barar, oýnamaly keşbini gowy «bişirer». Şonda menem bir ýardamçysy. Ssenariýadaky iki adamyň gepleşigini ýerine ýetirmeli bolsa biri mendim. Gepleşik wagty ýüzüne seretsem, oýundyr ýa taýýarlykdyram öýtmezdim. Ejem elinden gelse il-güne hemaýatyny gaýgyrmazdy. Bir gojanyň alkyş aýdyp, bokurdagyny doldurany henizlerem ýadymda. «Şasenem-Garyp» atly filmde surata düşende, garabagyr enäniň çekýän hasratyny görüp, filmi surata düşürip ýören operatorlaryň biriniň gözýaşyny saklap bilmedigini aýdardylar. Ejem halk bilen bir jandy. Şonuň üçin halkyň söýgüsinem gazandy diýip biljek. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen şeýle ynsanlaryň sarpasy has-da belent tutulýar. Arkadag şäherindäki köçeleriň birine ejemiň adynyň dakylmagam uly hormatdan nyşan. Munuň üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Hormatyň nyşany

Halypalary hatyralap, olaryň atlaryny ebedileşdirmek, geçen şöhratly ýollaryny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Arkadag şäherinde gurlan binalara, köçelere görnükli şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy munuň ýene bir buýsandyryjy subutnamasydyr. «Akylly» şäheriň iň bir owadan köçeleriniň biri Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewanyň adyny göterýär. Ol ýurdumyzda görnükli şahsyýetlere, olaryň il-halky, Watany üçin bitiren beýik hyzmatlaryna belent hormat-sarpadan aýdyň nyşandyr. Bu asylly ýörelge ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üçin nusgalyk işdir. Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän köçäniň ugrunda Arkadag şäheriniň Bagt köşgüniň, Döwlet arhiwiniň, hususan-da, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýerleşmegi teatr sungaty ugrunda zähmet çekýän ynsanlary has-da guwandyrýar. Biz Sabyr Ataýewa ýaly halypalarymyzdan nusga alyp, geljekde hem teatr sungatyny gülletmekde yhlasly zähmet çekeris. Goý, geçmişini arzylap, geljege ak ýollar açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Tomaşa jaýlarynda

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry: 9-njy noýabrda «Gumly gelin» atly aýdym-sazly gülküli tomaşa — sagat 19:00-da.