Hormatyň nyşany

6 Noýabr 2024
267

Halypalary hatyralap, olaryň atlaryny ebedileşdirmek, geçen şöhratly ýollaryny geljekki nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmek ýurdumyzda ileri tutulýan asylly işleriň biridir. Arkadag şäherinde gurlan binalara, köçelere görnükli şahsyýetleriň atlarynyň dakylmagy munuň ýene bir buýsandyryjy subutnamasydyr.

«Akylly» şäheriň iň bir owadan köçeleriniň biri Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Sabyr Ataýewanyň adyny göterýär. Ol ýurdumyzda görnükli şahsyýetlere, olaryň il-halky, Watany üçin bitiren beýik hyzmatlaryna belent hormat-sarpadan aýdyň nyşandyr. Bu asylly ýörelge ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üçin nusgalyk işdir. Sabyr Ataýewanyň adyny göterýän köçäniň ugrunda Arkadag şäheriniň Bagt köşgüniň, Döwlet arhiwiniň, hususan-da, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýerleşmegi teatr sungaty ugrunda zähmet çekýän ynsanlary has-da guwandyrýar. Biz Sabyr Ataýewa ýaly halypalarymyzdan nusga alyp, geljekde hem teatr sungatyny gülletmekde yhlasly zähmet çekeris. Goý, geçmişini arzylap, geljege ak ýollar açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Mahym BEGLIÝEWA,
Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň bölüm başlygy.