Kino sungaty dabaralanýar

12 Noýabr 2024
228

Şu gün paýtagtymyzda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly açylýar. Onuň açylyş we ýapylyş, baýraklarynyň gowşurylyş dabaralary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Bu sungat baýramçylygynyň çäklerinde «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.

Kinofestiwal 2021-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde, 2022-nji ýylda Bursa şäherinde, 2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirildi. Festiwalyň netijeleri boýunça «Iň gowy film», «Iň gowy dokumental film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy edebi esasy ýazyjy», «Iň gowy zenan keşbi», «Iň gowy erkek keşbi» ýaly birnäçe ugurlardan baýraklar bellenilendir. Şeýle hem onuň çäklerinde türki medeniýetiň ösmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halypalar hem sarpalanýar.

«Türkmen dünýäsi».