"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Se­ne­na­ma­da de­kabr

«7/24.tm»: №50 (237) 09.12.2024 De­kabr aýy gyş pas­ly­nyň baş­lan­ýan wag­ty bo­lup, bu aýda türk­men hal­ky ýa­kym­ly wa­ka­la­ryň bir­nä­çe­si­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu aýyň için­de dür­li ýa­kym­ly duý­gu­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­da bir­nä­çe mö­hüm se­ne­ler bar. Şo­la­ryň ara­syn­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy aý­ra­tyn orun tut­ýar.

«Merdana nesil — 2024»: bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

7-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde «Merdana nesil — 2024» şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guraýan bu bäsleşigi Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilip, oňa 3-5-nji synplarda okaýan kiçi ýaşly okuwçy oglanlarymyzyň 14-si gatnaşdylar. Olar ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde, etraplarda, şäherlerde, soňra bolsa welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynda öňdebaryjy orunlary eýelän ýaş zehinlerimizdir. Bäsleşik däp bolşy ýaly, üç şert esasynda geçirilip, şatlyk-şowhuna, ruhubelentlige beslendi.

Şöhratly taryhyň beýany

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz häzirki wagtda uly ösüşleri bilen bütin dünýäde giňden tanalýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty çuňňur paýhasa ýugrulandygy bilen uly üstünliklere eýe bolýar. Bagtyýar türkmen halkynyň ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine, bütin dünýädäki belent abraýyna buýsanjy egsilmezdir. Ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilip halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň her biri üçin şatlykly waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň täze neşir edilen «Hakyda göwheri» atly kitaby «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyza peşgeş berlen iň bir gymmatly sowgatlaryň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitap Milli Liderimiziň ajaýyp eserleri bilen birlikde diňe ýurdumyzda däl, eýsem, bütin dünýäde uly gyzyklanma bilen okalýan kitaplaryň birine öwrüler.

Täze ýylda arzuwlar hasyl bolsun!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly taryhy ýylymyz tamamlanyp, täze 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Halkymyzyň «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen pähimi bar. Bu pähim — türkmen halkynyň ýürek owazy, arzuw-niýeti. Çünki türkmen halky elmydama pähim-paýhasa, agzybirlige, parasatlylyga daýanýan halk. Onuň ýüreginde elmydama parahat, agzybir, birek-birege ynanyşyp ýaşaşmak islegi möwç urýar.

“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň 11-nji sany çapdan çykdy. Nobatdaky sanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, ýurdumyzyň döwlet strategiýalarynyň, halkara gatnaşyklarynyň esasy wezipelerini beýan edýän 20-ä golaý makala ýerleşdirilipdir. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň meselelerine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Žurnalyň ilkinji makalasynda geçen ýylda türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyny giňden baýram edendigi bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda 2023-nji ýylda gazanylan üstünliklere gysgaça syn berilýär. Žurnalyň 11-nji sany üçin ýörite taýýarlanylan seljerme häsiýetli makalada ýurdumyzyň içeri syýasatynyň baş maksatlary barada gürrüň berilýär. Onda getirilýän statistiki maglumatlar Watanymyzyň toplumlaýyn ösüşine, dünýä giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine, ykdysady kuwwatyň berkidilmegine, türkmenistanlylaryň bagtyýar

Halk hakydasyna gymmatly peşgeş

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik taglymatyndan söz açylýar. Türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky gymmatly taryhy maglumatlara möhüm orun berilýän bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza bagyş eden ýene bir ajaýyp peşgeşi boldy. Häzirki döwürde ylmyň günsaýyn ösüp-özgerip durmagy, täze taryhy çeşmeleriň, arheologiki tapyndylaryň ýüze çykarylmagy eziz Watanymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişini täzeden seljermegi talap edýär. Milli Liderimiz «Hakyda göwheri» atly kitabynda arheologlaryň toplan täze maglumatlarynyň hem-de daşary ýurtlardan getirilen golýazmalaryň esasynda türkmen taryhyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nukdaýnazaryndan täzeçe garaýyşlaryny beýan edýär, milli medeniýetimiz hakyndaky öňki kitaplarynda öňe süren pikirlerini kämilleşdirýär we baýlaşdyrýar.

Keremli sözüň sarpasy

Täze taryhy döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şöhratly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy watandaşlarymyzyň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu kitap geçmişimize buýsanjy, geljegimize ynamy artdyrýar. Kitap — iň gowy söhbetdeş. Halkymyz kitaba mukaddeslik hökmünde seredýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, kitaba bolan söýgi halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýar.

Raýaty goramak mukaddes borçdur

Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebinde welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri we welaýat saglygy goraýyş müdirlikleri tarapyndan welaýatymyzdaky käbir iri edara-kärhanalarda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we lukmandan deslapky ilkinji kömek bermek boýunça döredilen toparlaryň arasynda bäsleşik geçirdik. Bäsleşige gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlarda howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça bäsleşdiler. Şeýle-de görnüşine garamazdan, ähli zawod-fabriklerde zähmet çekýän adamlaryň saglygy üçin oňaýly ýagdaýy döretmekleriniň, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlykly bolmak we ejir çekene ilkinji kömek bermek kadalaryny bilmekligiň zerurdygy dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi.

Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de şu medeniýet ojagynyň bilelikde guramaklarynda «Bitaraplyk — parahatçylygyň belent taglymaty» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň medeniýet-sungat ulgamynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, kümüş saçly eneler, şeýle-de Türkmenabat şäherindäki çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä içre abraý-mertebesiniň barha belende galýandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çuňňur many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada söz açyp, eserde bellenilişi ýaly, gadymy döwürlerde hem türkmen halkynyň parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň tarapdary bolandyklary, umumadamzat medeniýetine saldamly goşant goşandygy barada gürrüň etdiler.

Döwrebaplyk ― işlerimiziň girewi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ― Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda 4-nji dekabrda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda, kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin hem öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimize hasabat berlişi ýaly, ýylyň yzda galan on bir aýynyň dowamynda ýurdumyzyň, şol sanda biziň welaýatymyzyň kazyýet edaralarynda hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, işgärlerimiziň kuwwatyny pugtalandyrmak arkaly milli kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirildi.

Maslahat geçirildi

Golaýda TKA-nyň Mary welaýat birleşmesiniň guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagly Gahryman Serdar bilen öňe barýar Türkmenistan» atly okuw maslahaty geçirildi. Oňa Kärdeşler arkalaşygyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda guramanyň  agzalary bilen alnyp barylýan işler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de ýurdumyzyň ähli ugurlaryndaky ösüşleriniň, raýatlaryň zähmet we durmuş hukuklaryny goramak hakynda kabul edilen kanunlaryň, beýleki hukuk düzgünleriniň berjaý edilişi barada birnäçe meselelere garaldy. Maslahatdan soň Awazanyň gözel ýerlerine bolan gezelençler, dürli sport we medeni çäreler gurnaldy. Oňa gatnaşanlara TKA-nyň Mary welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Duşuşyk geçirildi

Golaýda Wekilbazar etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetleriniň, TKA-nyň etrap birleşmeleriniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. «Türkmenistan — parahatlyk mekany» atly bu maslahat etrabyň Mollanepes adyndaky şäherçesiniň Medeniýet öýünde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak, onuň nyşanyny kesgitlemek şeýle-de şanly Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýyna bagyşlandy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglyk ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdy.

Beýik söz ussadynyň hormatyna

Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly Watana Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Gündogaryň beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilip geçilendigi hem-de milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak maksady bilen, halkara derejesinde hem-de ýurdumyzda şahyryň ömri we döredijiligine bagyşlanyp dürli çäreleriň ýokary derejede guralandygy buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny, onuň şygyrlar ýygyndysynyň çap edilendigini, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilendigini nygtadylar. Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak, geljekki nesillerimize dürs ýetirmek maksady bilen, ýörite Kanunyň kabul edilendigini, şonuň ýaly-da paýtag

Wagyz-nesihat duşuşygy

Tejen etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky 30-njy orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar, ýaş mugallymlar gatnaşdy. Ýaşlary döwrebap bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer edip ýetişdirmek, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Onuň barşynda ýaşlara watansöýüjilik, ahlak päkligi, asylly ýol-ýörelgelere eýermek boýunça gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Talyp ýaşlaryň sungat çykyşlary

Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary ýurdumyzda bellenip geçilýän şanly seneleriň her birini özboluşly baýramçylyk sowgady bilen garşylaýarlar. Halkara Bitaraplyk güni, hemişelik Bitaraplygymzyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan täze aýdym-sazly çykyşlar hem şeýle diýmäge esas berýär. Mekdebimiziň talyplary bu gezek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäheriniň “Märkaw” toý mekanynda şanly sene mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda aýdym-sazly çykyşlary bilen ildeşlerimize ruhy lezzet, şatlyk paýladylar. Mekdebimiziň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň talyplarynyň çykyşlary has-da uly täsirleri döretdi.

Şanly senä bagyşlanan dabaraly duşuşyk

Bäherden etrabynyň Medeniýet öýünde baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Duşuşykda bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň ösüşleri, ýurdumyzyň arşa göterilýän şan-şöhraty, bitaraplyk bagty hakda giňişleýin çykyşlar edildi. Etrabyň medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary duşuşygyň täsirligini artdyrdy. Aýdym-sazly joşgunly çykyşlara beslenen duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýdym-sazly dabara

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Esenguly etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde  «Türkmenistanyň Bitaraplygy — Watanymyzyň mertebesi, buýsanjy» diýen at bilen aýdym-sazly dabara geçirdik. Onda çykyş edenler  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, beýik başlangyçlary barada buýsanç bilen söhbet etdiler. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň millilige ýugrulan aýdym-sazlary, küştdepdi tansy dabara gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Hoşniýetli ýörelgämiz

Bereket etrap medeniýet öýünde «Hemişelik Bitaraplyk — hoşniýetli ýörelgämiz» ady bilen dabaraly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary, medeniýet we sungat ussatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde ýurdumyzyň ösüşi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.

Çäksiz buýsanja beslenen duşuşyk

Esenguly etrabyndaky 9-njy orta mekdepde beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Ýaşlar bilen ösüşiň belentliklerine tarap» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdik. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip, mynasyp ýaş nesilleri kemala getirmek babatda uly işleriň alnyp barylýandygyny, munuň her bir adamda, esasanam, ýaş nesillerde buýsanç duýgusyny oýaryp, olaryň ýagty ertirlerine bolan ynamyny artdyrýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlarymyz hakynda uly aladalary edýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýtdylar.     

Nebitgazym — baýlygym, hazyna-genjim

Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Nebitgaz — baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller saňa buýsanjym!» ady bilen geçiren dabaraly çärämize dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Naz-nygmatly toý saçagynyň başynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan uly möçberli işler barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlarda ajaýyp döwrümiziň waspy belentden ýetirildi. Çäräniň dowamynda bu pudakda göreldeli zähmet çekýän ýaşlara baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.