“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany

7 Dekabr 2024
164

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň 11-nji sany çapdan çykdy. Nobatdaky sanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, ýurdumyzyň döwlet strategiýalarynyň, halkara gatnaşyklarynyň esasy wezipelerini beýan edýän 20-ä golaý makala ýerleşdirilipdir. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň meselelerine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.

Žurnalyň ilkinji makalasynda geçen ýylda türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyny giňden baýram edendigi bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda 2023-nji ýylda gazanylan üstünliklere gysgaça syn berilýär. Žurnalyň 11-nji sany üçin ýörite taýýarlanylan seljerme häsiýetli makalada ýurdumyzyň içeri syýasatynyň baş maksatlary barada gürrüň berilýär. Onda getirilýän statistiki maglumatlar Watanymyzyň toplumlaýyn ösüşine, dünýä giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine, ykdysady kuwwatyň berkidilmegine, türkmenistanlylaryň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.

(TDH)