Täze ýylda arzuwlar hasyl bolsun!

7 Dekabr 2024
171

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly taryhy ýylymyz tamamlanyp, täze 2025-nji ýyl ýetip gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.

Halkymyzyň «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen pähimi bar. Bu pähim — türkmen halkynyň ýürek owazy, arzuw-niýeti. Çünki türkmen halky elmydama pähim-paýhasa, agzybirlige, parasatlylyga daýanýan halk. Onuň ýüreginde elmydama parahat, agzybir, birek-birege ynanyşyp ýaşaşmak islegi möwç urýar.

Muhammetgurban ORAZOW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.