"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hyzmatlaryň görnüşleri we hili gowulandyrylýar

Jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň jana-jan bähbitlerini goramak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şeýle möhüm işe Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Guramamyz tarapyndan raýatlarymyzyň bähbidi üçin ätiýaçlandyryşyň täze-täze görnüşleri hödürlenilýär. Olar bilen halk köpçüligi yzygiderli habarly edilip durulýar. Oňa mysal edip «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanylan «Karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny» görkezmek bolar. Welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky etrap guramalary şu kada laýyklykda Türkmenistanyň fiziki şahslary bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň janyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Oňa laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykanda, ätiýaçlandyryjy karz edarasyna, karzyň üzülmedik we degişli göterim möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemäge borçlanýar. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soňra 10 günüň dowamynda tölenilýär.

Ýol-ýörelgämiz bolar

Häzirki şanly günler Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary Diýarymyzyň ähli ýerlerinde giň gerime eýe bolýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwet galamyna degişli bolan gymmatly esere gyzyklanmanyň ýokarydygynyň alamatydyr. Milli Liderimiziň baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýunyň bosagasynda halkymyza sowgat eden “Hakyda göwheri” atly kitaby baý many-mazmuny babatynda, hakykatdan-da, uly gyzyklanma eýedir. Bu ajaýyp eserde türkmen halkynyň dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri anyk we taryhy maglumatlar arkaly beýan edilýär. Gymmatly kitabyň her bir baby, bölümi we sahypasy çuňňur manyly jümlelere baýdyr. Bu bolsa kitabyň gymmatyny artdyrýar.

Beýik özgertmeler buýsandyrýar

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýunyň dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Diýarymyzyň sebitlerinde durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly ýagdaýda açylyp, işe girizilmegi ählimiziň baýramçylyk şatlygymyzy artdyrýar. Şanly günlerde welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde hususy pudagyň wekillerine degişli bolan Kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylandygy hadaky şatlykly habara kalbymyz joşa geldi. Ýurdumyzyň sebitlerinde ekologiýa taýdan arassa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply haryt önümlerini öndürýän kämil tehnologiýaly önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurulmagy önüm bolçulygynyň pugtalanmagynyň esasy şertini emele getirýär. Aýratyn guwandyrýan zatlaryň biri-de ýerlerde ýaşlarymyz üçin täze iş orunlarynyň açylýandygydyr. Şanly günlerde kofe we kofe önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle-de nah ýüplügini öndürýän kärhananyň açylmagy bilen iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň açylandygy munuň anyk subutnamasydyr.

Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy: äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bi­di­ne

9-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­si açyp, 12-nji de­kabr­da uly baý­ra­myň – Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­jek­di­gi­ni aýt­dy hem-de ýyg­na­nan­la­ry we äh­li hal­ky­my­zy bu şan­ly se­ne bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. He­mi­şe bol­şy ýa­ly, biz je­na­ýat eden­dik­le­ri üçin iş ke­si­len we eden et­miş­le­ri­ne ökü­nip, ak ýü­rek­den to­ba ge­len ra­ýat­la­ry­my­zyň gü­nä­si­ni geç­ýä­ris. Ola­ry je­za çek­mek­den bo­şat­mak ýa­ly sa­ha­wat­ly çä­re­le­ri ge­çi­rip dur­ýa­rys di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.

«Atalanta» 1-nji orna geçdi

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 15-nji tap­gyr­dan soň sa­na­wyň li­de­ri üýt­gäp, «Mi­la­ny» De Ke­te­la­re hem-de Ade­mo­la Luk­ma­nyň gol­la­ry bi­len 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Ata­lan­ta» 1-nji or­na beý­gel­di. «Ata­lan­ta» to­pa­ry çem­pio­nat­da bas­syr 9-njy ýeň­şi­ni ga­zan­dy. «Na­po­li» bol­sa 3 gü­nüň do­wa­myn­da «La­sio­dan» 2-nji ge­zek utul­dy. Pen­şen­be gü­ni ku­bok ýa­ry­şyn­da «La­sio­dan» 3–1 ha­sa­byn­da utu­lan «Na­po­li», çem­pio­nat­da-da öz meý­dan­ça­syn­da rim­li­ler­den Isak­se­niň 79-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da ýe­ňil­di we li­der­li­gi el­den gi­der­di. Soň­ky çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «Par­ma­ny» Di­mar­ko, Ba­rel­la hem-de Tu­ra­myň gol­la­ry bi­len 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy 5 çem­pio­na­tyn­da 3 ýeň­liş­siz to­pa­ryň bi­ri bo­lan «Ýu­wen­tus» bu tap­gyr­da-da ýe­ňil­me­di. Ýö­ne ýe­ňiş hem ga­za­nyp bil­me­dik «Ýu­wen­tus» öz meý­dan­ça­syn­da «Bo­lon­ýa» bi­len du­şu­şyp, 90+2-nji mi­nut­da ýeň­liş­den ha­las bol­dy. Paý­tag­tyň «Ro­ma» to­pa­ry-da «Leç­çe­ni» 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, tä­ze tä­lim­çi­si Ra­nie­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da il­kin­ji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ka­tal­di­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len «Ka­lia­ri­ni» ýe­ňen «Fio­ren­ti­na» to­pa­ry çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 8-nji ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy. Olar soň­ky ge­zek 64 ýyl öň şeý­le sta­tis­ti­ka gör­ke­

Aratapawut 1 utuga düşdi

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Bar­se­lo­na» myh­man­çy­lyk­da «Be­tis» bi­len du­şu­şyp, 90+4-nji mi­nut­da ýeň­şi el­den gi­der­di. Du­şu­şyk­da ka­ta­lon­la­ryň gol­la­ry­ny Le­wan­dows­ki (39) bi­len Fer­ran Tor­res (82), ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny-da Lo Çel­so (68 p) bi­len Diao (90+4) ge­çir­di. Myh­man­çy­lyk­da «Ži­ro­na­ny» Bel­lin­gam (36), Gü­ler (55) hem-de Mbap­pe­niň (62) gol­la­ry bi­len 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Re­al Mad­rid» 1 oý­ny kem hem bol­sa, sa­na­wyň li­de­ri «Bar­se­lo­na» bi­len ara­ta­pa­wu­dy 1 utu­ga dü­şür­di. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da «At­le­ti­ko Mad­rid» öz meý­dan­ça­syn­da ta­ry­hy kem­bek bi­len «Se­wil­ýa­ny» 4-3 ha­sa­byn­da ut­dy. De Pau­lyň go­lu­na gar­şy­lyk Lu­ke­ba­kio, Ro­me­ro hem-de Hu­an­lu­nyň gol­la­ry bi­len 3-1 öňe ge­çen «Se­wil­ýa» soň­ky 30 mi­nut­da 3 gol ge­çirt­di. Gol­la­ryň 2-si­ni, şol san­da 90+4-nji mi­nut­da ýe­ňiş go­lu­ny An­tu­an Griz­mann, beý­le­ki­si­ni-de Li­no öz ady­na ýaz­dyr­dy.

26 ýyl ga­raş­dy­ran çempionlyk

For­mu­la 1 bo­ýun­ça möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy BAE-niň paý­tag­ty Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ril­di. «Ýas Ma­ri­na» tras­sa­syn­da ge­çi­ri­len ýa­ryş­da «McLa­ren» to­pa­ry­nyň bri­tan sü­rü­ji­si Lan­do Nor­ris ýeňiji bol­dy. Ol 58 aý­la­wy 1 sa­gat 26 mi­nut 33,291 se­kunt­da ta­mam­lap, möw­süm­dä­ki 4-nji ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Bu ýe­ňiş F1-iň ga­dy­my 2-nji konst­ruk­to­ry­na, bri­tan to­pa­ry­na ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dyr­dy. «McLa­ren» to­pa­ry soň­ky ge­zek 1998-nji ýyl­da, 26 ýyl ozal çem­pi­on bo­lup­dy. Bu «McLa­ren»-iň 9-njy çem­pi­on­ly­gy bo­lup, to­par 2-nji ýer­dä­ki «Wil­liams» bi­len deň­leş­di. «McLa­ren» to­pa­ry mun­dan öň 1974-nji, 1984-nji, 1985-nji, 1988-nji, 1989-njy, 1990-njy, 1991-nji hem-de 1998-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. To­par­la­ryň ara­syn­da iň köp çem­pi­on­lyk «Fer­ra­ri» to­pa­ry­na de­giş­li bo­lup, ital­ýan konst­ruk­to­ry­nyň 16 çem­pi­on­ly­gy bar. Şu möw­süm­de soň­ky tap­gy­ra çen­li ýi­ti gö­re­şen «Fer­ra­ri» to­pa­ry 2008-nji ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­ly­ga go­laý ge­lip­di. Kar­los Saýns Ju­ni­or bi­len Şarl Lek­leriň Abu Da­bi «Gran Pri­sin­de» 2-3-nji ýer­le­ri eýe­le­me­gi «Fer­ra­ri» to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na ýe­ter­lik bol­ma­dy. «Fer­ra­ri» to­pa­ry (652 utuk) «McLa­ren» to­pa­ryn­dan (666 utuk) 14 utuk yza ga­lyp, möw­sü­mi 2-nji bas­gan­çak­da ta­mam­la­dy. Soň­ky 2 möw­sü­miň çem­pio­ny

Klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gy 25-iň bi­je­le­ri çe­kil­di

Gel­jek ýy­lyň tom­sun­da il­kin­ji ge­zek 32 klu­buň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­jek FI­FA Klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. ABŞ-nyň Ma­ýa­mi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bi­je çe­ki­li­şe FI­FA-nyň ýol­baş­çy dü­zü­mi, çy­kyş et­jek klub­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, ozal­ky ze­nan­dyr er­kek ýyl­dyz fut­bol­çy­lar gat­naş­dy­lar. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, 32 klub 4 to­par­dan 8 to­par­ça paý­lan­dy. Ýa­ry­şa Ýew­ro­pa­dan 12, Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan 6, Azi­ýa­dan 4, De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­dan 4, Af­ri­ka­dan 4, Okea­ni­ýa­dan 1 hem-de ýer eýe­si hök­mün­de-de 1 klub gat­naş­ýar.

«Çel­si­niň» yz­ly-yzy­na 5-nji ýeň­şi

Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ewer­ton» bi­len «Li­wer­pu­lyň» ara­syn­da­ky Mer­si­saýd der­bi­si ho­wa ýag­da­ýy se­bäp­li oý­nal­ma­dy. Lon­don der­bi­sin­de «Çel­si» myh­man­çy­lyk­da «Tot­ten­ham» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­nyň 2-0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, 4-3 ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Bas­syr 5-nji ýeň­şi­ni ga­za­nyp, 8 oýun­dan bä­ri ýe­ňil­män gel­ýän «Çel­si­niň» gol­la­ry­ny San­ço, Pal­mer (2) hem-de Fer­nan­des ge­çir­di. Il­kin­ji 11 mi­nut­da 2 gol sa­lan «Tot­ten­ha­myň» adyn­dan So­lan­ke, Ku­lu­sews­ki hem-de Son ta­pa­wut­lan­dy. Baş­ga bir Lon­don der­bi­sin­de-de «Ful­ham» bi­len «Ar­se­nal» utuk­la­ry paý­laş­dy­lar. Mun­dan öň­ki tap­gyr­da 7 oýun­dan soň ýe­ňiş ga­za­nan «Man­çes­ter Si­ti» myh­man­çy­lyk­da «Kris­tal Pa­las» bi­len 2-2 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, ýe­ne-de utuk ýi­tir­di. «Old Traf­ford­da» «Not­tin­gam Fo­res­ti» ka­bul eden «Man­çes­ter Ýu­naý­ted» 3-2 ha­sa­byn­da utul­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da di­ňe 1 ge­zek deň­me-deň oý­nap, ga­lan­la­ry­ny ýe­ňen «Brent­ford» to­pa­ry «Nýu­kas­ly» 4-2 ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di.

«LA Galaksi» MLS kubogynyň eýesi

ABŞ-nyň çem­pio­na­ty MLS-de çem­pi­on bel­li bol­dy. Pleý-off tap­gy­ry­nyň fi­nal du­şu­şy­gyn­da «Nýu Ýork Red Bulls» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war eden «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry MLS-iň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Ka­li­for­ni­ýa­nyň Kar­son şä­he­rin­de oý­na­lan fi­nal­da ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny 9-njy mi­nut­da Ýo­sef Pains­til bi­len 13-nji mi­nut­da De­ýan Ýo­wel­ýiç ge­çir­di. «Nýu Ýork Red Bulls» to­pa­ry­nyň ýe­ke-täk go­lu­ny bol­sa 28-nji mi­nut­da Şon Nils öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, «LA Ga­lak­si» to­pa­ry 10 ýyl­dan soň MLS Ku­bo­gy­ny ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Mar­ko Roýs, Ma­ýa Ýo­şi­da, Riui Pu­ig ýa­ly oýun­çy­la­ryň çy­kyş ed­ýän «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry mun­dan öň 2002-nji, 2005-nji, 2011-nji, 2012-nji we 2014-nji ýyl­lar­da çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy. 4 ge­ze­gem fi­nal­da utu­lan «Los An­je­les Ga­lak­si» to­pa­ry MLS Ku­bo­gy­ny iň köp eýe­län to­par­dyr. «Nýu Ýork Red Bulls» 2008-nji ýyl­dan soň 2-nji ge­zek fi­nal­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy.

29 ýyl­dan soň 3-nji gezek

Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-da çem­pi­on iň soň­ky tap­gyr­da bel­li bol­dy. 38-nji tap­gy­ryň çä­gin­de sa­na­wyň li­de­ri «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da «Sao-Pau­lu» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny, 2-nji ýer­dä­ki «Pal­mei­ras» to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da «Flu­mi­nen­se» to­pa­ryn­dan 1-0 as­gyn gel­di. Ne­ti­je­de, «Bo­ta­fo­ga» bi­len «Pal­mei­ra­syň» ara­syn­da­ky utuk ara­ta­pa­wu­dy 6-a çyk­dy we Rio de Ža­neý­ro şä­he­ri­niň we­ki­li 29 ýyl­dan soň 3-nji ge­zek Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Se­rie A»-nyň çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry mun­dan öň 1968-nji we 1995-nji ýyl­lar­da çem­pi­on bo­lup­dy. Go­laý­da ta­ry­hyn­da il­kin­ji ge­zek Li­ber­ta­do­res Ku­bo­gy­ny hem ga­za­nan to­pa­ra por­tu­ga­li­ýa­ly Ar­tur Žor­že tä­lim ber­ýär. Bra­zi­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da bas­syr 3-nji, soň­ky 6 ýyl­da 4-nji ge­zek por­tu­ga­li­ýa­ly tä­lim­çi­ler çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry bir möw­süm­de hem Li­ber­ta­do­res Kubogyny, hem-de mil­li li­ga­da çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji bra­zil klu­bu­dyr. On­dan öň­de «San­tos» 2 (1962, 1963) hem-de «Fla­men­go» 1 (2019) ge­zek şeý­le ba­şar­nyk gör­ke­zip­di. «Bo­ta­fo­ga» to­pa­ry 2021-nji ýyl­da 2-nji li­ga­da – «Se­rie B»-de çem­pi­on bo­lup­dy. «Bo­ta­fo­ga» Bra­zi­li­ýa­da 3 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan 11-nji klub hök­m

Hepdäniň esasy duşuşyklary

13-nji dekabr (anna) Fraýburg – Wolfsburg (00:30)

Etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler

Et sag­lyk üçin iň peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri bo­lup, be­lo­gyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Be­lok dyr­nak­dan baş­lap, be­den ag­za­la­ry­nyň äh­li­si üçin ze­rur bo­lan mad­da­la­ryň bi­ri­dir. Köp­ler eti her gün iý­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam et iý­me­gi ha­la­ma­ýar. Bi­ler­men­ler etiň dü­zü­min­de sak­lan­ýan wi­ta­min­dir peý­da­ly mad­da­la­ry beý­le­ki iý­mit­ler­den hem alyp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ge­liň, be­lo­ga baý, etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň! Mer­ji­mek. B wi­ta­mi­ne, fo­la­ta, mar­ga­ne­se, dem­re, be­lo­ga we sü­ýü­me baý iý­mit ha­sap­lan­ýan mer­ji­mek­den, esa­san, çor­ba bi­şi­ril­ýär. Bir şa­kä­se mer­ji­mek çor­ba­syn­da be­den üçin her gün ze­rur bo­lan sü­ýü­miň üç­den bir bö­le­gi sak­lan­ýar. Aş­ga­zan­da tiz öz­leş­ýän bu ýe­ňil­jek çor­ba ada­my uzak wagt­lap dok sak­la­ýar. Be­de­ni kuw­wat­lan­dyr­ýan bu iý­mit aşgazan-içege ulgamyndan baş­lap, ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni ka­da­ly sak­la­ma­ga we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

«Pan­to­ne»: 2025-nji ýy­lyň reň­ki saý­lan­dy

«Pan­to­ne» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy çär­ýek asyr­dan gow­rak wagt bä­ri ýy­lyň reň­ki­ni saý­la­mak dä­bi­ni do­wam et­di­rip gel­ýär. «Pan­to­ne» ta­ra­pyn­dan gel­jek ýy­lyň reň­ki «ewo­ka­tiw ýum­şak go­ňur» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan «PAN­TO­NE 17-1230 Mocha Mo­us­se» saý­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri bu reň­ke «duý­gur we ra­hat­lan­dy­ry­jy ýy­ly­lyk be­ri­ji go­ňur reňk» di­ýip ba­ha ber­ýär­ler. Ka­kao, şo­ko­lad we ko­fe­niň ýa­kym­ly duý­gu­sy­ny ber­ýän bu reňk ada­my ra­hat­lan­dyr­ýar. «Pan­to­ne» reňk ins­ti­tu­ty her ýy­lyň de­kabr aýyn­da in­di­ki ýyl üçin haý­sy­dyr bir reň­ki saý­la­ýar. Bu ýyl 26-njy ge­zek gel­jek ýy­lyň reň­ki­ni mä­lim eden «Pan­to­ne» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri ýum­şak go­ňur reň­kiň mo­da äle­min­de, di­zaýn iş­le­rin­de, pop me­de­ni­ýe­tin­de we adam psi­ho­lo­gi­ýa­syn­da uly orun eýe­le­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Il­kin­ji ge­zek 1999-njy ýyl­da ýy­lyň reň­ki saý­la­nyp, «Sky Blue» şol ýy­lyň reň­ki bo­lup­dy. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň reň­ki «Pan­to­ne 13-1023 Peach Fuzz» bo­lup, ýy­ly mä­mi­şi öwüş­gin­de şöh­le­len­dir­di.

«Ber­ni­na Express» meş­hur ot­ly sy­ýa­ha­ty

Sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da soň­ky ýyl­lar­da üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri hem ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­dyr. Me­ge­rem, köp adam ot­lu­ly bir­nä­çe ýur­dy aý­lan­ma­gy, ýo­lug­ra şä­her gö­zel­lik­le­ri­ni we owa­dan te­bi­ga­ty syn­lap git­me­gi ha­la­ýan bol­sa ge­rek. Ot­ly sy­ýa­hat­la­ryn­da «Em­pi­re Bu­il­der», «The Ghan», «Bel­mond Hi­ram Bing­ham», «Qing­hai-Ti­bet Ra­il­way» öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. «Ber­ni­na Express» hem meş­hur ot­ly sy­ýa­hat­la­ry­nyň bi­ri bo­lup, Ita­li­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň er­te­ki ýa­ly owa­dan­lyk­la­ry­ny syn­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Iki gap­da­ly giň pen­ji­re­ler bi­len ör­tü­len gy­zyl wa­gon­lar daş-tö­we­re­gi syn­lap git­mek üçin ni­ýet­le­nip­dir. Pa­no­ra­mik wa­gon­da­ky lýuks otur­gyç­da otu­ryp, buz­luk­la­ry, köl­le­ri syn­lap, tun­nel­ler­den we köp­rü­ler­den ge­çip bar­şy­ňa özü­ňi film­ler­dä­ki ýa­ly duý­ýar­syň. Şweý­sa­ri­ýa­nyň Çur şä­he­rin­den ýo­la dü­şen ot­ly sy­ýa­ha­ty Ba­zel, Sýu­rih, Alp dag­la­ryn­dan ge­çip, Mi­lan­dan Ti­ra­no (Ita­li­ýa) şä­he­ri­ne bar­ýar. Dün­ýä­niň iň dik ga­ýa­la­ryn­dan geç­ýän «Ber­ni­na Express» ot­ly sy­ýa­ha­ty 4 sa­gat do­wam ed­ýär. Ot­ly ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len 122 ki­lo­metr­lik de­mir ýol­dan ýö­räp, 196 köp­rü­den, 55 tun­nel­den, be­lent­lik­ler­den, gar­ly dag ge­riş­le­rin­den we he­mi­şe gök öw­süp otu­ran

Taryhda şu gün

1972-nji ýy­lyň 11-nji de­kab­ryn­da ame­ri­kan ast­ro­nawt­la­ry Ýu­jin Ser­nan we Har­ri­son Şmitt XX asyr­da kos­mos gä­mi­si­niň (Apol­lon 17) Aýyň üst­ki gat­la­gy­na al­tyn­jy we soň­ky ge­zek go­nu­şy­ny ama­la aşyr­dy­lar. Aý mo­du­ly­nyň Aýyň üs­tün­de gal­ma­gy­nyň umu­my do­wam­ly­ly­gy 75 sa­ga­da deň bol­dy.

Dünýä täzelikleri gys­ga se­tir­ler­de

Ga­za­gys­ta­nyň ila­ty art­ýar. Ga­za­gys­ta­nyň ila­ty 2024-nji ýy­lyň 1-nji no­ýab­ryn­da 20 mil­li­on 244 müňe golaýlady. Mil­li sta­tis­ti­ka gul­lu­gy­nyň mag­lu­mat­la­ryna gö­rä, ýurtda şä­her ila­ty 12,727,404 ada­ma, oba ila­ty 7,516,577 ada­ma deň. Gö­ge uza­ýan bas­gan­çak­lar. Hy­taý­da ýi­ti duý­gu­la­ry ha­la­ýan­la­ra be­ýik­li­gi 1,5 müň metr­lik bas­gan­çak­dan ýö­räp ýo­ka­ry çyk­mak tek­lip edil­ýär. Ho­puk­dy­ry­jy ýo­ly di­ňe ýü­rek­li­ler geçip bilýärler. «As­man bas­gan­ça­gy» att­rak­sio­ny Si­sin da­gyn­da gu­rul­dy. 168 metr­lik uzyn­lyk­da­ky des­ga iki ga­ýa­nyň ara­syn­da ber­ki­di­lip, 50 de­re­je gy­şa­ryp gid­ýär.

Belent binanyň gurluşygyna badalga berildi

Hy­ta­ýyň gü­nor­ta­syn­da ýer­leş­ýän Şenç­žen şä­he­rin­de «Chi­na In­ter­na­tio­nal Ma­ri­ne Con­tai­ners Group» (CIMC) kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze ştab-kwar­ti­ra­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Be­ýik­li­gi 270 metr bo­lan ägirt uly bi­na­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy di­ňiň için­de bir­nä­çe gat­dan yba­rat jem­gy­ýet­çi­lik üçin ni­ýet­le­nen ýa­şyl zo­lak bo­lar. Ka­şaň bi­na­da dür­li ofis­ler, şeý­le hem 60 müň­den gow­rak iş­gär üçin ni­ýet­le­nen söw­da we kon­fe­ren­si­ýa otag­la­ry ýer­le­şer. Bi­na­da­ky ýa­şyl zo­lak iş­gär­le­re da­şa­ry çyk­man gü­nor­tan­lyk ara­kes­me­sin­de te­bi­gat­da dynç al­ma­ga we Sýan­haý aý­la­gy­nyň pa­no­ra­ma­ly gör­nüş­le­ri­ne to­ma­şa et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le hem be­lent bi­na­nyň üçe­gin­de bag­lar bo­lar. Bu­lar­dan baş­ga-da, bu bi­na yşyk­lan­dy­ryş üçin ener­gi­ýa sarp edi­li­şi­ni azalt­mak, ýa­gyş suw­la­ry­ny ýyg­na­mak we ga­lyn­dy­la­ry aras­sa­la­mak mak­sa­dy bi­len «akyl­ly» sen­sor ul­gam­la­ry bi­len ab­zal­laş­dy­ry­lar. Tas­la­ma daş­ky gur­şa­wa ze­per ýe­tir­mez we se­riş­de­le­ri tyg­şyt­lar. Bi­na­nyň gur­lu­şy­gy­ny 2029-njy ýyl­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.

ÝHHG-niň tä­ze Baş sek­re­ta­ry

Tür­ki­ýä­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň öň­ki baş­ly­gy we Tür­ki­ýä­niň BMG-dä­ki öň­ki he­mi­şe­lik we­ki­li Fe­ri­dun Si­nir­li­og­lu Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň (ÝHHG) tä­ze Baş sek­re­ta­ry bol­dy. «ÝHHG-niň tä­ze ýol­baş­çy­la­ry­ny gut­la­ýa­rys. Fe­ri­dun Si­nir­li­og­lu (Tür­ki­ýe) – Baş sek­re­tar. Ma­ri­ýa Te­la­li­an (Gre­si­ýa) – De­mok­ra­tik gu­ra­ma­lar we adam hu­kuk­la­ry eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy, Kris­tof Kamp (Ni­der­land­lar) – ÝHHG-niň mil­li az­lyk­la­ryň işi bo­ýun­ça ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry, Ýan Bra­tu (Nor­we­gi­ýa) – Ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň azat­ly­gy bo­ýun­ça we­kil» di­ýip, gu­ra­ma­nyň hä­zir­ki baş­ly­gy Mal­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ýan Borg X sa­hy­pa­syn­da­ky ak­ka­un­dyn­da ýaz­dy.

Ýerasty muzeýe öwrülen metro

Gre­si­ýa­nyň ikin­ji uly şä­he­ri Sa­lo­ni­ki­de gur­lu­şy­gy 20 ýyla golaý do­wam eden met­ro işe gi­ri­zil­di. Açy­lyş da­ba­ra­sy­na Gre­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Ka­te­ri­na Sa­kel­la­ro­pu­lu, Prem­ýer-mi­nistr Ki­ria­kos Mi­so­ta­kis, hö­kü­met ag­za­la­ry we sy­ýa­sat­çy­lar gat­naş­dy. Sa­lo­ni­ki met­ro­sy 13 stan­si­ýa­ny we 9,6 ki­lo­met­re uza­ýan ýo­ly öz içi­ne al­ýar. Sa­lo­ni­ki özü­niň met­ro ul­ga­my bi­len Afi­ny­dan soň ýurt­da ikin­ji şä­her bol­dy. Metronyň her ugur boýunça sagatda 18 müňe çenli ýolagçy gatnatmak mümkinçiligi bolup, her günde, takmynan 254 müň ýolagça hyzmat edip biler. Şeýle hem bu metrony 2040-njy ýyla çenli 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän halkara howa menziline çenli giňeltmek meýilleşdirilýär. Hä­ki­mi­ýet­ler bu met­ro­ny Ýew­ro­pa­da iň döw­re­bap met­ro di­ýip ba­ha ber­ýär­ler, se­bä­bi bu ýer­de 18 sa­ny ot­ly sü­rü­ji­siz, di­ňe hyz­mat­çy­la­ryň ýar­da­my bi­len he­re­ket edýär.