Hyzmatdaşlygyň ýoly bilen
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän döwletli ýörelgelerimizi dünýä ýaýbaňlandyrýan taglymat hökmünde giňden bellidir. Eziz Watanymyz baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen halkara gatnaşyklarynda, dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny tapdy. Türkmenistanyň baky Bitaraplygy daşary-syýasy tarapdan döwletiň parahatçylyk dörediji, halkara söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň işjeň merkezine öwrülmegine ygtybarly esas bolup durýar. Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ýurdumyzyň ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýmakda bar bolan mümkinçilikleri netijeli durmuşa geçirýär. Islendik ýurduň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösmeginde ýol-ulag düzüminiň, şol sanda demir ýol ulgamynyň uly ähmiýeti bar. Uzak ýyllaryň dowamynda iş tejribesindäki anyk sanlara we maglumatlara daýanýan bu hakykatyň özeninde ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin halkara gatnaşyklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak we bu hyzmatdaşlykda ýol-ulag gatnaşygynyň derwaýys häsiýete eýedigi baradaky ykrarnama öz beýanyny tapýar. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy ýolunda toplanan baý tejribäni ulanmak bilen, milli bähbitlerimizi dünýäniň ählumumy bähbitleri we ta