Ilçi işe başlady

14 Aprel 2021
1187

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.