Täze bina açyldy

26 Aprel 2021
1043

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy ilkinji gezek bilelikde bellenilip geçildi. Türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen türkmen bedewlerini we alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek hem-de kämilleşdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atşynaslyk we itşynaslyk sungatyny ösdürmekde uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Arassa ganly ahalteke bedewlerimiz özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen bütin dünýäde tanalýan bolsa, türkmen alabaýlarymyz eýesine wepalylygy, batyrlygy hem edermenligi bilen tapawutlanýar.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy biziň welaýatymyzda hem ýokary guramaçylyk derejesinde, belent ruhubelentlige beslenip geçirildi. Bu baýramçylygyň esasy wakalarynyň biri bolsa Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegidir.