Aşgabadyň doganlary

15 Aprel 2021
1174

Doganlaşan şäherler — munuň özi birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Taraplaryň hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň birek-birekde dürli çykyşlary, teatr, kino eserleriniň görkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar. Ilkinji doganlaşan şäherler Ikinji jahan urşunda weýran bolan Kowentri (Beýik Britaniýa) we Stalingrad (häzirki Wolgograd) şäherleridir. Iňlisler öz doganlaşan şäherlerine ýüzünde: «Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy» diýip ýazylan desterhany hem-de ýerli halkyň ýygnan goldaw serişdesini sowgat edýärler. Olara şol uruşda uly ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şäherleri goşulýarlar.