"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurt abatlygyna barabar gymmatlyk

Maşgala mukaddesligi — ýaşaýyşda ähli zatdan ilerde tutulýan gymmatlyklaryň biri. Şonuň üçin hem ony goramak sagdyn ösýän jemgyýetiň wekili hökmünde her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Bu işe kazyýet işgärleri hem öz goşandyny goşýarlar. Ýakynda Türkmenabat şäher kazyýetinde geçirilen «Maşgala mukaddesligi ýurduň abatlygydyr» atly maslahat hem şu meselä bagyşlandy. Oňa hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşulular gatnaşdylar.

Ýapraklary ýygnalyň, şekilleri ýasalyň!

Mähriban çagalar, güýz paslynyň bezegi agaçlardaky ýapraklaryň altynsow reňki, olaryň tänip ýere düşüşidir. Şol güýz ýapraklaryndan dürli şekilleri ýasamak gyzykly bolsa gerek. Geliň, žurnalymyzyň şu sanynda güýz ýapraklaryndan dürli haýwanjyklaryň şekillerini ýasalyň! Gerekli esbaplar:

Ýumurtgaly ertirlik

Gerekli önümler: • 3 sany ýumurtga,

Oýlan, pikirlen!

Krossword

Maşgala mertebesi — pederleriň ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerindäki nesihatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi diýseň buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz ýaş raýatlaryň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak, ýaş çatynjalara goldaw bermek, olary häzirki zaman ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça alyp barýan işlerimiziň gerimini has-da giňelderis» diýip nygtamak bilen, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek babatdaky işleri has-da güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly dürdäne eserinde: «Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Gül-gunçaly bagtyýarlygyň ilkinji gämikleri öýde — maşgala ojagynda peýda bolýar. Dogry-dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär» diýip, çuňňur bellemek bilen, döwletiň sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesine juda jogapkärli çemeleşmegimiziň wajypdygyny nesihat edýär. Alym Arkadagymyzyň nygtaýşy ýal

Asylly ýörelge — görelde mekdebi

Her bir halkda maşgala ojagy mukaddes saýylýar. Halkymyzda maşgala mukaddesligi aýratyn ähmiýete eýedir. Çaganyň maşgalada alýan terbiýesi geljekde öwreniljek bilim-terbiýäniň özeni hasaplanýar. Maşgalada agzybirlik, jebislik, sabyr-kanagat jemlenýär. Olaryň birleşen ýerinde islendik bir meseläni çözmek bolýar. Maşgalada ata-enäniň orny mukaddes hasaplanýar. Olaryň berýän nesihatlary, wesýetleri çagalarynyň durmuşynda, geljekki işlerinde nusga alarlyk taýýar durmuş sapaklary bolup durýar. Ata-eneler çagalarynyň kynçylyklardan baş alyp çykmagynyň ýollaryny diňe pikirlenip, ýedi ölçäp, bir kesmek esasynda amala aşyryp boljakdygyny öwran-öwran ýatladyp durýarlar.

Ýaş şäheriň gojasy

Ýaşulusyna geňeş salyp, olary sylap, nesillere görelde bolup gelen türkmen halky zandy edepli diýilýänlerden. Maşgala, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda uly orun degişli bolan ýaşuly nesliň wekillerine şu günki ýaş nesliň hem sarpasy uludyr. Çünki ýaşulular görüm-görelde mekdebidir. Aýdymda «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» diýilmesi hem ýöne ýerden däl. Eşretli zamanyň hözirini görüp ýaşaýan togsany erňekläberen Şamyrat Nazarow hem Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy. Tüweleme, dört ogul, alty gyzy il hataryna goşan Şamyrat aganyň kyrk üç agtygy, ýetmiş dört çowlugy bar. — Şamyrat aga, ýurt garşy alsyn!

Nesil terbiýesi — pederleriň paýhasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesil barada edilýän aladalar giň gerime eýe bolýar. Çünki sagdyn ruhly, berk bedenli, sagdyn pikirlenmegi başarýan her bir ýaş nesil ýurduň geljegi hasaplanýar. Döwletimiziň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplygyny berkidýän, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen aýdyň maksatlarda, ýurdumyz we dünýä derejesinde gazanylýan üstünliklerde jemgyýetimiziň esasy bölegini düzýän ýaşlaryň orny diýseň uludyr. Ruhubelent ýaş nesiller — ata Watanymyzyň ezizliginiň hem-de mukaddesliginiň berk binýadydyr.

Ýaraşygy bu dünýäň

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka, dünýämiz doludyr. Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr». Dünýä ineniňden mähriban ynsana gözüň düşýär, mana düşünmeseň-de, mährem seredişi, ýüzüňe gülüp bakyp aýdýan şirin sözleri, söýgüläp üwreýşi onuň saňa iň golaý ynsandygyny duýdurýar. Ilkinji sözümiziň eneden başlanýandygy üçinmi, bu söz hemişe diliň senasy bolup, tä ömrüň ahyryna çenli gursagyňda ýaňlanyp durýar.

Mähribanlygy mertebeläp

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze eseri bilen serpaýlamagy bagtyýar hem agzybir ilimizi uly ruhubelentlige atardy. Her bir döwür jemgyýetiň ösüşinde yz galdyrýan täze gymmatlyklary, şol gymmatlyklary dörediji şahsyýetleri öňe çykarýar. Ol gymmatlyklar diňe bir şu günki jemgyýetiň ösüşi däl, eýsem, geljekki nesliň ýaşaýyş mümkinçilikleriniň kuwwatly bolmagyna hem täsir edýär. Olar uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Tebigy zehinini, başarnygyny adamzat durmuşyna oňyn täsir ýetirjek haýyrly işlere bagyşlan şahsyýetler öz adyny taryha ýazmak bilen birlikde, milletiň mertebesini belende göterýärler, ýurduň ösüşine, nesilleriň terbiýesine oňyn täsir edýärler. Gahryman Arkadagymyz täze edebi-filosofik eserinde ömrüniň manyly menzilleri, durmuş ýatlamalary, gymmatly pikir-garaýyşlary hakynda söhbet edýär. Mähriban Arkadagymyz täze kitabynda halkymyzyň milli ýörelgeleri, gymmatlyklary, aýratynlyklary, olary ýaş nesli döwrüň ruhuna laýyk terbiýelemekde peýdalanmagyň maksatlary barada hem giňişleýin pikir ýöredýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyň «Watan — enäniň kalby» atly bölümini okaýarkaň, Watan mukaddesligi, ene-ata mähribanlygy, olara hormat-sarpanyň, gadyr-gymmatyň ähmiýeti ruhuňa ornaýar. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje baradaky ýatlamalary ene mukaddesligini ýene bir ýola ör-boýuna galdyrýar.

Zenan zeri bezände...

Ata-babalarymyz: «Islendik göwher hem syntgylanýandyr», «Ata-enäniň bahasy bolmaz, altyn-kümşüň könesi bolmaz», «Sabyr düýbi sap altyn», «Bedew jul içinde, göwher kül içinde», «Göwher her näçe ýeriň düýbünde bolsa-da, gymmatyny ýitirmeýär. Tozan näçe asmana galsa-da, tozanlygyna galýar» diýip, durmuşyň manysyny zer bilen deňeşdirip, altyn-kümşüň, göwher daşlaryň gymmatyny dürli nakyllaryň, pähimleriň üsti bilen nesillere miras galdyrypdyrlar. Öz milli şaý-seplerini söýmeýän zenan, oňa guwanmaýan halk ýok bolsa gerek. Bu günki güne çenli şaý-sepleriň ýasalyşy, görnüşleri, hili dünýä ýüzünde has-da kämilleşdirildi. Häzirki wagtda dünýä belli zergärler bar. Olar zenanlar üçin asmanda ýalkym saçýan ýyldyzlary ýere düşüren ynsanlar hasaplanylýar. Aslynda, zer zenany bezeýär. Gijäni ýyldyzlar, zenany şaý-sepler bezeýär. Ýöne bu günki gün zeri bezeýän zergär zenanlar hem az däl. Asly taýwanly meşhur zergär Sindi Çao hem şolaryň biridir.

Oýunjaklar üçin sebet

Eger-de siziň çagalaryňyzda ýumşak oýunjaklar köp bolsa, onda olary saklamak üçin sebet hökman gerekdir. Matadan tikilen sebet çaga otagyny giňeltmäge kömek edýär. Gerekli esbaplar:

Öý bikesi öwrense...

Duza ýatyrylan gyzyl bolgar burçy Gerekli önümler: 3 kg gyzyl bolgar burçy, 1 düwüm sarymsak, 1 çemçe duz, 1 käse ýag, 1 çaý çemçe sirke, ýarym bogdak ot.

Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Oktýabr 2023

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04 Oktýabr hamallar üçin dürli wakalardan doly bolar. Işiňiz bilen bagly käbir çözülmeli meseleleri göz öňüne tutsaňyz, aýyň başyndan biliňizi berk guşamaly bolarsyňyz. Sagdyn pikirlenmek size edil howa ýaly möhüm. Kärdeş ýoldaşlaryňyz bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamak işiňizi ýeňilleşdirer. Gabanjaňlygyňyzy aýryp, ünsüňizi işiňize gönükdirmek maşgala durmuşyňyzy hem ýeňilleşdirer. Oktýabr aýy üstünlik gazanmak aňsat düşmese-de, aýyň ahyryna çenli eden tagallalaryňyz öz miwesini berer. Ýyldyzlar size duýguçyl hereket etmekden gaça durmagy maslahat berýär. Çykdajyňyzy we girdejiňizi deňagramly saklamagy başarmasaňyz, maddy ýagdaýyňyz durnuksyz bolup biler. Umuman, bu döwürde hamallar özlerini rahat alyp baryp, durmuşyň akymyna görä hereket etmeli bolarlar.

Ertirlik

Mähriban okuwçylar, altyn güýzüň ilkinji günlerinden ir säher bilen ak mekdeplere rowana bolýansyňyz. Her gün irden ertirlik edinmek bolsa hökmanydyr, saglygymyz üçin peýdalydyr, mekdepde işjeňligiňiz üçin hem gerekdir. Biz žurnalymyzyň şu sanynda ýeňil ertirlikleriň biriniň taýýarlanylyşyny size öwretmegi makul bildik. Gerekli önümler:

Bagyndan bagt tapan

Ogulşirin Ýazdurdyýewa ýaşlygyndan käbesi, Zähmet Gahrymany Patma ejäniň göreldesine eýerdi. Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşligindäki bagçylyga ýöriteleşdirilen adybir daýhan birleşiginde bagbançylyk bilen meşgullanyp başlady. Toprak, howa şertlerimize uýgunlaşan we bol hasyl berýän dürli görnüşli miweli baglary hem-de üzümi ösdürip ýetişdirmekde, olardan bereketli hasyl almakda baý tejribe toplady. Bu ugurda oňa ilki bagban ejesi halypalyk edip, özüniň bilýänlerini yhlas bilen öwretdi. Ýaş bagban 1981-nji ýylda häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girýär hem-de ony üstünlikli tamamlap, alym-agronom bolup dogduk obasynda işe başlandan baglary sapmak, ýaş nahallary ýerli şertlerde ýetişdirmek bilen içgin gyzyklanýar. Ýaş hünärmen Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginde zähmet ýoluny dowam edýär. Işbaşarjaň zenanyň diňe bir daýhançylyk tejribesini däl, ýokary guramaçylygyny-da göz öňünde tutup, ony Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şu daýhan birleşigindäki ilkinji guramasyna ýolbaşçy edip belleýärler. Soňra «Parahat» daýhan birleşiginiň başlygynyň medeniýet işleri boýunça orunbasary bolup işleýär.

Bagbanlar maşgalasy

Awtoulaga ullakan sebedi tas goşýumruk ýaly diýdiriberýän garalydan doldurylan aýal mündi. Ulagdakylaryň ünsüni, ähli zatdan beter, onuň gyzyl garalylary çekdi. Sebedini özi oturmazdan öň ýerleşdiren aýal oňa ymsynyp sereden oglanjygyň eline iki sany garalyny tutdurdy-da: — Öýüňize baraňsoň, ýuwup iýgin! — diýdi.

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň jebisligi

Maşgala jemgyýetiň esasy sütüni bolup, durmuş gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýedir hem-de edep-terbiýe ojagydyr. «Maşgalam — baş galam» diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ata-babalarymyzdan gaýdýan asylly ýörelgelere salgylananymyzda hem, maşgala aýratyn ornuň degişlidigine göz ýetirmek bolýar. Olarda maşgalanyň gymmatlygy, mukaddesligi we agzybirligi baradaky düşünjeler öz beýanyny tapýar. Sebäbi çaganyň edepli, ilhalar, watansöýüji adam bolup ýetişmegi maşgaladaky terbiýä baglydyr. Ululara bolan söýgi we olara hormat goýmak öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala gymmatlyklaryna uly sarpa goýulýar. Maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygyny we abadan durmuşyny üpjün etmek, ýeňillikler bermek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň Konstitusiýasynda: «Maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwlet goragynda durýarlar» diýlip bellenilmegi hem munuň subutnamasydyr. Maşgala hukuk gatnaşyklary öz beýanyny tapýan maşgala kanunçylygynda maşgalany goramagyň döwlet kepillikleri bellenilip, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna, şeýle hem maşgala gymmatlygyny goramaga gönükdirilen wezipelere laýyk gelýän möhüm durmuş şertleri göz öňünde tutulýar.

Ylym menzillerinde

Ejegül demir ýol gullukçysynyň maşgalasynda dogulýar. Kakasy ir ýogalandan soň, alty çaganyň iň ulusy hökmünde ejesine kömek edýär. Aşgabadyň 12-nji orta mekdebini üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetde okaýarka, öz mugallymy, taryh ylymlarynyň doktory, professor Annageldi Gubaýewiň ýolbaşçylyk edýän arheologiýa gurnagyna gatnaşýar. 1973-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlandan soň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň arheologiýa bölüminde işe başlaýar. Şol ýyl taryh ylymlarynyň doktorlary, arheologlar Ýegen Atagarryýewiň we Hemra Ýusubowyň ýolbaşçylygynda Şähryslama guralan arheologiýa ekspedisiýasyna gatnaşýar. Bu onuň ilkinji ekspedisiýasydy. Ol şonda meýdanda işlemegiň öz aýratyn kynçylyklarynyň bardygyna garamazdan, gazuwda ýüze çykarylýan her bir tapyndyny eliňe almagyň, üsti açylýan jaýlaryň galyndylaryny görmegiň we täze maglumatlary toplamagyň üýtgeşik lezzetiniň bardygyna göz ýetirýär. Ejegül A.Gubaýewiň, Ý.Atagarryýewiň, H.Ýusubowyň, W.Pilipkonyň, I.Masimowyň ekspedisiýalaryna gatnaşyp, hersinden arheologiýanyň çylşyrymly tärlerini öwrenýär. Ol daşary ýurtly tanymal alymlaryň ekspedisiýalaryna hem gatnaşýar. Olardan W.M.Massonyň «Altyndepe», I.N.Hlopiniň «Sumbar», W.I.Sarianidiniň «Marguş», N.F.Solowýowanyň «Ýylgynly» türkmen-rus, O.Lekont bi

Milli terbiýe — asylly ýörelge

Öz neslinde kämilligi görmek isleýän halkymyz hemişe maşgala terbiýesine aýratyn üns berýär. Her bir maşgalada terbiýäniň gözbaşy hökmünde ata-babalarymyzdan gelýän edep-ekramlylyk, asyllylyk, mylaýymlyk, mertlik ýaly ýörelgelerden ugur alynýar. Terbiýe meselesinde hiç hili ýalňyşlyga ýol bermegi gowy görmeýän halkymyz öz milli terbiýesine togaplydyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle belleýär: «Käte maşgalada ene-atalaryň çagalaryna dözmezçilikden, ýüregi ýukalykdan öýüň bar aladasyny özleri edýän halatlary bolýar. «Ýaşlar ýaşlygyň hözirini görsünler, öz başlaryna düşende ederler» diýýärler. Ýöne şeýle ýagdaýda ýyllaryň dowamynda toplanýan tejribe hem-de ýagşy endikler gözden düşürilýär». Çagalary näçe gowy görsegem «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýilýän halk pähimini unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem terbiýe, esasan, maşgalada, mekdepde berilýär. Bu babatdaky tagallalaryň birleşmesi bolsa terbiýäni maksadyna ýetirýär. Bu meselede ata-eneleriň, mugallymlaryň orny örän uludyr.