Ata-babalarymyz: «Islendik göwher hem syntgylanýandyr», «Ata-enäniň bahasy bolmaz, altyn-kümşüň könesi bolmaz», «Sabyr düýbi sap altyn», «Bedew jul içinde, göwher kül içinde», «Göwher her näçe ýeriň düýbünde bolsa-da, gymmatyny ýitirmeýär. Tozan näçe asmana galsa-da, tozanlygyna galýar» diýip, durmuşyň manysyny zer bilen deňeşdirip, altyn-kümşüň, göwher daşlaryň gymmatyny dürli nakyllaryň, pähimleriň üsti bilen nesillere miras galdyrypdyrlar. Öz milli şaý-seplerini söýmeýän zenan, oňa guwanmaýan halk ýok bolsa gerek. Bu günki güne çenli şaý-sepleriň ýasalyşy, görnüşleri, hili dünýä ýüzünde has-da kämilleşdirildi. Häzirki wagtda dünýä belli zergärler bar. Olar zenanlar üçin asmanda ýalkym saçýan ýyldyzlary ýere düşüren ynsanlar hasaplanylýar.
Aslynda, zer zenany bezeýär. Gijäni ýyldyzlar, zenany şaý-sepler bezeýär. Ýöne bu günki gün zeri bezeýän zergär zenanlar hem az däl. Asly taýwanly meşhur zergär
Sindi Çao hem şolaryň biridir.