Ogulşirin Ýazdurdyýewa ýaşlygyndan käbesi, Zähmet Gahrymany Patma ejäniň göreldesine eýerdi. Tagtabazar etrabynyň Sandykgaçy geňeşligindäki bagçylyga ýöriteleşdirilen adybir daýhan birleşiginde bagbançylyk bilen meşgullanyp başlady. Toprak, howa şertlerimize uýgunlaşan we bol hasyl berýän dürli görnüşli miweli baglary hem-de üzümi ösdürip ýetişdirmekde, olardan bereketli hasyl almakda baý tejribe toplady. Bu ugurda oňa ilki bagban ejesi halypalyk edip, özüniň bilýänlerini yhlas bilen öwretdi. Ýaş bagban 1981-nji ýylda häzirki S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine okuwa girýär hem-de ony üstünlikli tamamlap, alym-agronom bolup dogduk obasynda işe başlandan baglary sapmak, ýaş nahallary ýerli şertlerde ýetişdirmek bilen içgin gyzyklanýar.
Ýaş hünärmen Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginde zähmet ýoluny dowam edýär. Işbaşarjaň zenanyň diňe bir daýhançylyk tejribesini däl, ýokary guramaçylygyny-da göz öňünde tutup, ony Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şu daýhan birleşigindäki ilkinji guramasyna ýolbaşçy edip belleýärler. Soňra «Parahat» daýhan birleşiginiň başlygynyň medeniýet işleri boýunça orunbasary bolup işleýär.