Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan: «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka, dünýämiz doludyr. Mertler Watany beýgeldýär, Watan hem öz ogullaryny beýgeldýär. Şol beýikligi bolsa, ilki bilen, mähribanlyk döredýär. Mähribanlyk bilen ynsana dünýäni söýmek duýgusy ornaýar. Ol duýgy eneden gaýdýar. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr».
Dünýä ineniňden mähriban ynsana gözüň düşýär, mana düşünmeseň-de, mährem seredişi, ýüzüňe gülüp bakyp aýdýan şirin sözleri, söýgüläp üwreýşi onuň saňa iň golaý ynsandygyny duýdurýar. Ilkinji sözümiziň eneden başlanýandygy üçinmi, bu söz hemişe diliň senasy bolup, tä ömrüň ahyryna çenli gursagyňda ýaňlanyp durýar.