Saglyk — bahasyz baýlyk
Eziz Watanymyzda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy giňden bellenilýär. Ol diňe bu ulgamda işleýänleriň baýramçylygy bolman, tutuş halkymyzyň ýüreginden orun alan ajaýyp senedir. Agzybir türkmen halky ony ähli pudaklarda uly zähmet üstünlikleri bilen garşylap, joşgunly toý-baýramçylyk çäreleri bilen belleýär. Aýdym-sazly dabaralary, ulgamyň ösüşlerini açyp görkezýän sergileri, maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini öz içine alýan bu baýramçylykda çuňňur many-mazmun ör-boýuna galýar. Berkarar döwletimizde raýat saglygynyň goragy döwlet derejesinde ileri tutulýan baş wezipe. Esasy Kanunymyzdaky: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen binýatlaýyn kada hem, hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge hem bu wezipäni dolulygyna öz içine alýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli tagallalaryň netijesinde, milli saglygy goraýyş ulgamyny barha döwrebaplaşdyrmak üçin täze, belent maksatlar göz öňünde tutulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy» we beý