Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap saglyk merkezleriniň ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça möhüm işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ösen milli saglyk ulgamy kemala geldi. Saglyk babatynda halkara gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Netijede, türkmen halky ýokary derejeli we elýeterli saglyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär.
Güýçli depginler bilen ösýän döwletimizde saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkemegi we ösmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri bolan adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmaga, maýyplygyň öňüni almaga uly ýardam berýär. Täze lukmançylyk innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan merkezleriň yzygiderli açylyp ulanylmaga berilmegi saglygy goraýyş ulgamynyň batly gadamlar bilen ösýändigine güwä geçýär.