Gaharjaňlyk we gaharyňa bäs gelip bilmezlik gowy häsiýet hasaplanmaýar. Şeýle gylyk-häsiýetli adam başgalaryň göwnüne degmekden ötri, öz saglygyna hem zyýan ýetirýär. Gahardan ýaňa göçgünli ýagdaýa uçran adamyň ýürek urşunyň ýygylygy artýar, gan basyşy beýgelýär hem-de «kuwwatlylyk gormonlary» hasaplanylýan adrenalin we noradrenalin gormonlarynyň derejesi ýokarlanýar. Dişleri gysylyp, ýüzi gasyn tutup, reňki solýar. Gaharyny «ýuwdup», ýüregini çişiren gazabyny basyp gezse-de, saglygyny zaýalaýar. Gaharyny içine salýan adam sussupes bolýar, onda dürli keselleriň döremek mümkinçiligi artýar. Şular hakda pikir edeniňde, gaharjaň adamyň gaharly ýagdaýdaky islendik hereketiniň ýaramaz netijä getirýändigine göz ýetirýärsiň. Şu ýerde: «Onda gahar-gazabyňy ýeňip, duýgularyňa erk etmek üçin näme etmeli?» diýen sowal ýüze çykýar.
Psiholog lukmanlaryň belleýşi ýaly, bu sowalyň birnäçe jogaplary bar. Ine, olaryň käbiri: