Halkyň saglygy — ýurduň baş baýlygy

7 Oktýabr 2024
378

Parasatly pederlerimiz «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Bar zadyň sakasy saglyk» ýaly aýtgylary döredip, beden saglygynyň tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygyny nygtapdyrlar. Şundan ugur alnyp, täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylyp, möhüm ähmiýetli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunda her ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň uly dabaralar bilen bellenilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilýän adamyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Lukman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzda ösen jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy kemala geldi. Maksatnamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, saglygy goraýyş-anyklaýyş, bejeriş-dikeldiş we şypahana-dynç alyş düzümleri döredilip, olaryň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän döwrebap binalary gurlup ulanmaga berildi.

Altymuhammet ANNAÝEW,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň direktory.