El hünäri il gezer
Güneşli ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň toý-baýramçylyklara, şanly dabaralara we taryhy wakalara sepleşmegi ildeşlerimiziň her biriniň göwnüni ganatlandyrdy, ruhuny tug deýin belende göterdi. Şol dabaralary ýatlap, kalbyňa dolan şatlygyň, buýsanjyň barada söz açmagam, söhbet etmegem ýakymly. Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşmagy, şeýle-de paýtagtymyzda «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň geçirilmegi hakydamyza we ruhy dünýämize täsirli duýgulary bagyşlady. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlyklar, hoşniýetli gatnaşyklar iki halkyň bähbidine hyzmat etmek bilen, dost-doganlygyň, ylalaşyklylygyň we ynanyşmagyň binýadyny berkidýär. «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue bilen söhbetdeş bolup, türkmen we hytaý halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary barada pikir alyşmaklary, şeýle-de Milli Liderimiziň agtyjagy Aýjereniň öz ýürek mahrini siňdirip, ýerine ýetiren el işini myhmandan HHR-iň Başlygy Si