Şöhraty dünýä dolan sungat

27 Maý 2024
424

Öňňin — 26-njy maýda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Mejlisiň çäklerinde haly dokamagyň milli däplerini, amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşlerini aýawly saklamak we giňden wagyz etmek, pudaga täze işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew we Özbegistan Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan hem-de Eýran Yslam Respublikasyndan, Owganystandan halyşynaslardyr işewürler çykyş etdi. Çykyşlarda gadymy haly nagyşlarynyň taryhy, dürli ýurtlarda, dürli taryhy döwürlerde halyçylyk sungatynyň ösüşi we haly önümlerini taýýarlamakda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymy sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen sergä hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ХХIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
«Watan».
Beýleki habarlar