"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Köňlüm, saňa nesihat (Kämillige tarap)

Köňül küýsegine tükenme, arzuwyna ýetme ýok. Köňül sarç bedew deý çarpaýa galýar, göýä asmanyň Aýyna tebil kakýar. Oňa niçik baş öwredip bolar? Haçan köňül karar tapar jem bolup? Men Jygalybegi gözläp çar ýana bakýan. Goja seýis — ussat terbiýeçi nirede? Meniň bir bedew atym — däli göwnüm bar. Köňül ussat seýsiň nesihatyny küýseýär. Eý, köňlüm, saňa nesihatym şudur: adam bolup dünýä gelensiň, adamlyk mertebäňe hem mynasyp bolup ýaşa! Öňi bilen, özüňi tana! Sen özgeler ýaly dälsiň. Bir zada düşün, seniň ýaşaýyş ýoluň başgalara meňzänok, bu durmuşda seniň öz ornuň, öz ýoluň bar. «Hemmeler hem şeýdýär» diýip, öz haýryňa çapyp akmaklyk etme, sen hemmeler däl! Başgalar bol-telki ýaşaýyş üçin her hili işe baş goşýar, emma sen bal günüňe batmak isläňok. Her kim mal-mülk toplap, ýagy-ýesir, sen welin eliňe düşenini ile paýlap gutarýaň. Adam oglunyň her haýsy bir işe gümra: gün-güzeran, ogul-gyz, maşgala, ilen-çalan, sen bolsa başga dünýäde. Kämil bir köýde — «Akmak sürer dünýäni, akyl onuň haýrany»; özüňi özgeler üçin has köp öňe tutýaň; özüň gürlemän, özgeleri diňleýäň; özüňe dözýäň, özgelere dözmeýäň. Ýeri, sen bu durmuşdan niçik many gözleýäň?!

Göreçleriň gürrüňi (Oýlanma)

Anha, sen ýene seretdiň. Göreçlerimiz ýene biri-birine galtaşdy. Hemişeki bolşuň ýaly, çala ýylgyrdyň-da, ýüzüňi kesä sowduň. Menem adatdakylar ýaly, ýene seni synlamaga durdum. Her gezek şeýle bolan mahaly sen hakda näçe oý-hyýallary başdan geçirýänimi bilýäňmi? Arzuw ummanynda hyýal gämisiniň ýelkenini açyp, seniň owadan hyýaly keşbiňe syn edýänimden habaryň barmy? Ýokdur. Muny diňe men bilýän hemem meniň kalbym. Nazarymyz kaklyşan mahaly gözümi sowmaly bolýan, şonda birhili bakyşlaryňdan asgyn gelip, aljyraberýän. Her gezek hem şeýle bolýar, sen ýeňýäň. Içimden: «Şu gezeg-ä hökman onuň gözlerine göni bakaryn» diýýän. Ýöne bu pikiriň amala aşmak ähtimallygy ýok diýen ýaly.

Tolkunlaryň owaz eýlär, Hazarym!

Ine, bu gün hem säher bilen deňziň kenarynda kä gezim edip, käte oturmaga niýetlenen oturgyçlarda oturyp, deňziň birden batly, birdenem pessaýja atýan tolkunyny synlap ganyp bilemokdym. Güýçli tolkunlaryň deňziň kenaryna getiren balykgulaklary ap-akja bolup, ylla diýersiň, merjen monjugyny ýadyňa salýardy. Tebigatyň täsin oýny deňziň düýbünde gizlenip ýatan merjen monjuklarydyr balykgulaklary kenara getirip, «çöpläberiň» diýip yşarat edýän ýalydy. Nazaryňy deňiz giňişligine dikeniňde bolsa, suwuň ýüzünde kä ýitirim bolup, käte gaýtadan peýda bolup ýüzüp ýören guşlary görüp, çaga ýaly begenýärsiň. Deňiz guşlarynyň asmany bezäp, erkana uçup ýörenlerini synlamagyň hem öz lezzeti bar. Şeýle gözellikleri synlap oturyşyňa tebigatyň eçilen peşgeşini hem goramak, hem geljekki nesiller üçin aýap saklamak, peýdalanmak dogrusyndaky pikirler seriňi gaplap alýar. Daşyndan synlanyňda, Hazar deňziniň tolkuny döwrümize buýsançdan nyşan ýaly bolup görünýär. Gözellikler bolsa gözüňi dokundyryp, ruhuňy göterýär. Deňziň üstünden öwüsýän şemal janyňa diýseň hoş ýakýar. Al-asmanda pelpelleşýän çarlaklaryň sesleri gulagyňa bir geňsi owaz bolup eşidilýär. Olaryň suwa golaý gelip, awlaryny alyşlaryny synlamagyň täsiri başga. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, bu gün şeýle gözellikleri özünde jemleýän Hazar deňziniň kenary — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy jenneti mekany ýadyňa salýar. Bir-birin

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) EJESINIŇ GORKÝAN ZADYNDAN ÇAGA-DA GORKÝAR

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenilip geçildi

Baýramçylyga bagyşlanyldy Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň uly ýygnaklar zalynda TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Döwlet ähmiýetli şäheriň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli dabaralar

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýyl ýazgysyna möhüm sahypa bolup ýazylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. Bu şanly waka mynasybetli bu ýerde dabaraly çäreler we baýramçylyk maslahaty geçirildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan “akylly” şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, bu iri taslamany iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Gurluşygy tamamlanan birinji tapgyryň çäklerinde durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy ulanmaga berildi. Olaryň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kärhanalar alyp bardy.

Goja satyjynyň garpyz satyşy

Bir gün bazarda bir goja satyjy garpyz satyp oturan eken. Bir garpyz — üç manat, üç garpyz — on manat. Bir adam gelipdir-de, üç manat berip, bir garpyz alýar. Soň üç manat uzadyp, ýene bir garpyz alypdyr. Ol adam soň ýene bir garpyz alýar. Gidip barýarka-da, goja ýaňsyly seredip: – Seret, ýaşuly. Men üç garpyzy dokuz manada aldym. Sen bolsa üçüsini on manatdan satjak bolup otyrsyň. Söwda edip bileňog-aý!

Söwdagär hem filosof

Goja söwdagäriň dükanynda: «Satyjy gözleýäris» diýen bildiriş köp wagtlap asylgy durupdyr. Bir filosof hem dükançy bilen goňşuçylykda ýaşaýar eken. Onuň soňky döwürde gazanç meselesi kynlaşypdyr. Işe durjak bolup, o ýere, bu ýere urunsa-da netije bolmandyr. Söwdagär goňşusyna pul kömegini berse-de, işe alaýyn diýmeýärmişin. Bir gün söwdagäriň aýaly näme üçin goňşularyny işe almaýanyny sorapdyr.

Hiç haçan ýeke dolandyrmaň, şeýle-de zamanabap liderligiň beýleki düzgünleri

Keýt Ferrassi, «Hiç haçan ýeke naharlanmaň» bestselleriniň awtory. Bilelikde liderligiň täze kesgitlemelerini döredýän, oňa düýbünden başgaça many berýän täze nesliň ähli ýaşdaky liderlerine bagyşlanýar.

Oýun ýaly usul arkaly ÜSTÜNLIGE we üpjünlige tarap

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Şadyýan çagalaryň her güni şatlykly pursatlara beslenýär

Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň medeniýetli dynç almaklaryna ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sagdyn bedenli we ruhubelent ýaşlarymyzyň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalary edýärler. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hereket etmegi-de aýdyň mysaldyr.

«Dok­ma­çy­lar» me­de­ni mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 25-nji iýun­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň «Dok­ma­çy­lar» me­de­ni mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy.

Tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Tomusky dynç alyş möwsümini çagalar özleriniň sungata bolan höwesini artdyrmak hem-de wagtlaryny täsirli geçirmek üçin peýdalanýarlar. Bu döwürde çagalar surat çekmek, goşgy ýazmak bilen meşgullanyp bilerler. Şeýle-de, döredijilik başarnyklaryny synagdan geçirerler.

«Älem­go­şar» se­ýil­gä­hin­de

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky ça­ga­lar sa­gal­dyş mer­kez­le­rin­de dynç al­ýan ça­ga­la­ryň wagt­la­ry­ny gy­zyk­ly, şow­hun­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, «Älem­go­şar» se­ýil­gä­hin­de aý­dym-saz­ly dynç alyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­nyň do­wa­myn­da aý­dym-saz ýaň­la­nyp, dür­li so­rag-jo­gap alyş­ma­lar, dür­li oýun­la­ry we tans bäs­le­şik­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek ýa­ly şow­hun­lar has tä­sir­li bol­dy. Bäs­le­şik­de ta­pa­wut­la­nan ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek ýaş­la­ra jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy. Mun­dan baş­ga­-da, ça­ga­lar «Älem­go­şar» se­ýil­gä­hi­niň att­rak­sion­la­ryn­da aý­lan­dy­lar. Gur­na­lan da­ba­ra kör­pe­je ne­sil­le­ri­miz­de ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir gal­dyr­dy.

Arkadag şäheri: geljegiň we bagtyýarlygyň şäheri

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik paýhasyndan kemal tapdy. Köpetdagyň eteginde seleňläp oturan täze şäheriň birinji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlenine şu gün 1 ýyl dolýar. Taryh üçin ujypsyz wagtyň içinde Arkadag şäheri ýaşlygyň we ýaşlaryň, geljegiň we giň mümkinçilikleriň şäherine öwrüldi, halkara derejeli forumlaryň geçirilýän iri mesgeni hökmünde ykrar edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň paýhas älemi

Taryha ser salanymyzda, adamzadyň maddy we ruhy ösüşine goşant goşan beýik ynsanlaryň aglabasynyň şahsyýetine alymlyk, ýazyjy-şahyrlyk, serkerdelik, syýasatçylyk ýaly köp taraplylyk mahsus. Gahryman Arkadagymyz hem üçünji müňýyllykda dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň täze bir taglymatyny öňe süren beýik syýasatçy hem-de döwletine berkararlygy, halkyna bagtyýarlygy peşgeş beren Milli Lider bolmak bilen birlikde, ylmyň we sungatyň ençeme ugurlary boýunça jemi ýetmişden gowrak kitap ýazan uly alym hem-de ussat ýazyjydyr. KITAP — HEŇŇAMLARYŇ HAZYNASY

Sahawatly işleriň sogaby (Ýaş žurnalistiň sözi)

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ynsanperwerlik, haýyr işleri etmäge ymtylmak, birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri baş ugur edinipdir. Döwletlilik ýörelgelerimiz bolsa sahawatly başlangyçlary goldap, ýagşy işleriň başyny tutmagy, iň gowy adamkärçilik sypatlaryny dabaralandyryp, olaryň nesilden-nesle geçirilmegine gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däplerimiz esasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesil hakyndaky aladanyň aýdyň nusgasy bolup, halkymyzyň ynsanperwer, sahawatly ýörelgelerini dabaralandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri: «Garaşsyz Watanymyzda halkymyzyň yrylmaz döwletliligi, rysgalynyň bollugy, niýetiniň-päliniň bolsa diňe ýagşylyga ýugrulandygy üçin ynsan kalplary şatlyga we buýsanja beslenýär» diýip belleýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem şeýle ýörelgeleri dabaralandyryp, halkymyzyň çagalara iň gowy zadyny bagyş etmek, olary alada we söýgi bilen gurşamak ýaly milli häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýar.

Tämiz säherli kämil şäher

Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan, ylahy yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar. Köpetdagyň etegindäki gadymy mekanda gurlup, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde indi bir ýyl bäri eşretli durmuş gaýnap joşýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurlan ajaýyp şäherde ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, hünär öwrenmegi, mahlasy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar. «Akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň. Olaryň diňe gözelligi däl, eýsem, adamlara getirýän uly peýdasy hem göwnüňe ganat berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň w

Bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi.

Okuw maslahaty geçirildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (YUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde welaýat bölümimizde geçiren okuw maslahatymyz adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmäge we olaryň töwekgelçiligini azaltmaga bagyşlandy. Oňa welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň we orta mekdepleriň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda adatdan daşary ýagdaýlara çagalaryň zerurlyklaryny, gender meselelerini we durmuş ýagdaýlaryny göz öňünde tutmak arkaly taýýarlyk görmek babatynda usuly tejribeler alşyldy we täsirli çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem wekiller dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünlerini düşündirmek, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ýol-ulag hadysalarynda ejir çekene kömek bermek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda çykyş etdiler.