Tämiz säherli kämil şäher

28 Iýun 2024
426

Türkmen halky geçmişde jahana ýaň salan beýik döwletleri, gözelligi bilen haýrana goýan azym-azym şäherleri gurup, dünýäde uly şan-şöhrata eýe bolupdyr. Berkarar Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan zamanasynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerine ýugrulan pähim-paýhasyndan, ylahy yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheri ýagty geljegimiziň nyşany hökmünde äleme şugla saçýar. Köpetdagyň etegindäki gadymy mekanda gurlup, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýyna eýe bolan Arkadag şäherinde indi bir ýyl bäri eşretli durmuş gaýnap joşýar. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda gurlan ajaýyp şäherde ynsanyň döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy, hünär öwrenmegi, mahlasy, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler bar.

«Akylly» tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Biri-birinden gözel hem-de täsin binagärlik keşbi bilen gözüňi dokundyrýan binalary synlanyňda, olaryň hersiniň özboluşly sungat eserine meňzeýändigine göz ýetirýärsiň. Olaryň diňe gözelligi däl, eýsem, adamlara getirýän uly peýdasy hem göwnüňe ganat berýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahana, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi we beýleki düzümler ýurdumyzda ilatyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny äşgär edýär. Döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly sport toplumy we sport merkezi, 10 müň orunlyk stadion sagdynlygyň sakasy hasaplanýan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin döredilen mümkinçilikleri görkezýär. Şäheriň beýleki binalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän «Ruhyýet köşgi», Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze şäherde medeniýetli dynç almaga döredilen giň şert-mümkinçiliklerden habar berýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi we beýleki ýöriteleşdirilen mekdeplerdir çagalar baglary ýaş nesle kämil derejede bilim we terbiýe berip, Watana wepaly, il-güne haýyrly raýatlary kemala getirmäge ýardam berýär. Bu ýerde döredilen iň häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş şertleri şeýle ajaýyp şäheriň döremeginde Gahryman Arkadagymyzyň neneňsi uly yhlasynyň, ýadawsyz zähmetiniň ýatandygyna şaýatlyk edýär.

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.
Beýleki habarlar