"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Guwançly görkezijiler — üstünlige badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda guwançly netijeler, şanly wakalar bilen dabaralanýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylyp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz çalt depginlerde durnukly ösüşleriň döwrüni başdan geçirýär. Gurlup, ulanylmaga berilýän öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary ýurdumyzyň ösüşiniň ynamly gadamlaryna itergi berýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady-durmuş taýdan ösüş-özgerişi bolsa, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli ýokarlanmagynyň kepili bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda üstümizdäki ýylyň geçen alty aýynda gazanylan görkezijilere, ýetilen belent sepgitlere jikme-jik seljerme berildi.

Belent sepgitleriň zamanasy

Bähbitli işler gerim alýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işler rowaç alýar. Şu işler bolsa, Garaşsyz döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilendir.

Rowaçdyr ýollaryň, Watan!

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda ýurdymyz uly üstünliklere beslenýär, halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Şeýle döwranly döwrümizde ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky ösüş-özgertmeler hem ýokary derejä çykýar. Döwletimizde bilimiň derejesini artdyrmakda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmakda ýurdumyzda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gujurly zähmet çekip, bu ugurdaky döwletli işlere öz mynasyp goşandymyzy goşýarys.

Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslary

Ýurdumyzda kabul edilýän kämil kanunlar raýatlaryň hukuklarynyň goragynda durmak bilen, olaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň esaslaryny kesgitleýär. Berkararlygymyzyň we döwletliligimiziň kepili bolan Konstitusiýamyzyň 2-nji bölümi adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary, borçlary baradadyr. Onda Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigi, Konstitusiýa we kanunlar bilen kepillendirilýändigi aýdylýar. Raýat hukuklary we borçlary hukuk ýagdaýynyň esasynda ýüze çykýar, üýtgedilýär hem-de ýatyrylýar. Hukuk ýagdaýlar hukuk kadalaryna laýyklykda belli bir hukuk netijelere getirýär. Hukuk ýagdaýlar raýat hukuklaryny kazyýet tertibinde goramak üçin ýüz tutulanda, talap esas bolup hyzmat edýär. Raýat hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagynyň, üýtgedilmeginiň we bes edilmeginiň esaslary Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 8-nji maddasynda beýan edilýär.

Akyldar şahyryň goşgularynda bedew waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli gymmatlyklaryna uly hormat-sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýän behişdi bedewlerimiz hem şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzda dabarasy uludan tutulýan şanly senelerde, milli baýramçylyklarda dal bedewlerimiz tomaşaly toýlaryň bezegine öwrülýär. «Gadymy türkmen topragynda pederlerimiz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda dünýäniň iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Eýesine wepadarlygy, owadanlygy we ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz parasatlylyk bilen belleýär.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Kämil ulgamyň mümkinçilikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan durnukly ösdürmegiň zamanasy bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna häzirki zaman tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna badalga berýär. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagynda sanly ykdysadyýete giň gerim berilmegem uly ähmiýete eýe bolýar.

Şadyýan tomus — 2024

Bal çagalar şat ýaýnaýar diýarda Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Mekdep okuwçylary döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine dynç almaga gidýärler. Biz hem çagalaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ýollanma esasynda olary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” hem-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradýarys.

Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrap ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwletmyrat AMANGYLYJOW bilen duşuşyp, öri meýdanlaryny ýangyndan goramagyň kadalary barada gürrüň bermegi haýyş etdi. — Tomus aýlarynyň yssy günleriniň başlanmagy bilen öri meýdanlarynda otlar gurap başlaýar. Şeýlelikde, meýdanlarda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmagyna örän amatly şertler döreýär. Ýangyn hadysasy raýatlaryň janyna we saglygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdur. Ýangyn hadysasy öri meýdandaky otlardan başga-da, däne ekinlerine, tokaýlara, sazakdyr çerkezlere zyýan ýetirýär. Şol sebäpli öri meýdanlarda ýangyn hadysasynyň döremeginiň öňüni almak we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek üçin şulary maslahat berýäris:

Ýaş nesil hakyndaky alada

Tomus — 2024 Çagalar biziň geljegimizdir. Olar adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň geljegi saýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak boýunça ygtybarly durmuş şertleri döredilýär.

Çagalaryň şadyýan, şatlykly günleri

Çagalar üçin iň bir hezil döwür bolan tomus pasly dowam edýär. Olar sapaly günlerde gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan «Daýanç», «Arzuw», «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç alýarlar, her bir gününi şatlykly, peýdaly geçirýärler. Syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden çagalar dynç almaga gelýärler. Olar «Awaza» akwaparkynda hem-de «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählerde gezelençlerde bolup, wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Çagalar gezelenç etmegi, syýahata gitmegi halaýarlar. Ýatdan çykmajak täsir galdyrýan ýerler bolsa az däl. Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri-de muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler bilen ýygy-ýygydan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde myhmançylykda bolýarlar. Muzeýiň guraýan sergileri çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Sergiler çagalaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürip, olarda röwşen geljege bolan ynamy kemala getirýär.

Termosy kim oýlap tapdy?

Adamlar durmuşlaryndaky ilkinji suw gaplarynyň daşyna ýüň ýa-da hasa oramak arkaly suwuklygy birnäçe sagatlap şol bir temperaturada saklap bilipdirler. Aňyň kämilleşmegi bilen bu ugurda oýlanyp tapylan iň ygtybarly serişdeleriň biri termosdyr. Eýsem-de, durmuşymyzda gündelik ulanylýan termosy kim oýlap tapdyka? 1842 — 1923-nji ýyllarda ýaşap geçen şotlandiýaly fizik we himik Jeýms Dýuar suwuk himiki serişdeleri pes derejede saklamak üçin wakuum çüýşesi bolan gaby oýlap tapýar. Ol 1892-nji ýylda aýna çüýşäniň içine başga bir çüýşäni ýerleşdirýär. Netijede, wakuumly gatlak döräp, ol iki çüýşäniň arasynda howasyz boşlugy emele getirýär. Bu oýlap tapyş suwuklygy uzak wagtlap şol bir temperaturada saklamaga  mümkinçilik berýär.

Ýol abat — il abat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli babatda sazlaşykly ösýär, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanýar. Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglylykda, ulag serişdeleriniň sany hem artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan we durky täzelenýän giň, ýagty awtomobil ýollary ulaglaryň hereketleriniň sazlaşykly bolmagynda uly ähmiýete eýedir. Ýollarda ulag serişdeleriniň artmagy netijesinde hereket ýygjamlaşýar. Bu bolsa awtoulag sürüjilerini-de, pyýadalary-da ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge borçly edýär. Şu nukdaýnazardan, Sarahs etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri bolup, herekete gatnaşyjylaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli ýagdaýda, netijeli häsiýetde alyp barýarys. Sürüjilere ulag serişdelerini dolandyranlarynda ýol hereketiniň kadalaryny berk berjaý etmelidiklerini ýatladýarys, bellenilen tizlikdäki çäklendirmelere laýyklykda sazlaşykly hereket etmelidiklerini düşündirýäris. Pyýadalara bolsa özleri üçin niýetlenen ýerlerden, ýanýodalardan, ýerasty geçelgelerden, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünlerini ýatladyp durýarys. Şeýle sazlaşykly işler raýatlaryň ömrüniň rahatlygyny üpjün etmek bilen bagly aladalardan gözbaş alýar. Il-günümiziň bagtyýar we rahat durmuşda ýaşamagy ugrunda giň göwrümli işler

Aýdyň ýoldan öňe tarap

Şeýle at bilen Esenguly etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe ösüşlere beslenýän  Diýarymyzyň sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurdudygy,  diňe halal zähmet bilen Watanymyzyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidigi baradaky buýsançly gürrüňlere giň orun berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler barada buýsançly gürrüň edilip, bu işlere her bir adamyň işjeň gatnaşyp,  mynasyp goşant goşmalydygy nygtaldy.

Okuw maslahaty geçirildi

Bereket şäherindäki tikin fabriginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Bereket etrap birleşmeleriniň guramagynda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň, oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlarynyň, edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda hukuk binýadyny pugtalandyrmak, zähmeti goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek bilen bagly kanunçylyk namalaryny düşündirmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar zähmetkeşleriň howpsuz iş şertlerini döretmek, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de öňdebaryjy usullary, tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak,  hünärlerine ussat işçileri ýüze çykarmak, tejribelerini giňden ýaýratmak, olaryň höweslerini artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman  Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Dünýäde täze uçarlara bolan isleg artar

2024-2043-nji ýyllarda täze ýolagçy we ýük uçarlaryna bolan isleg 42,430 müň uçara deň bolar. Bu barada “Airbus” aerokosmos korporasiýasynyň 2023-nji ýyldaky global bazar çaklamasynda beýan edilýär. Uçarlara bolan islegde öňdebayrjy ýurtlar dünýäniň iň köp ilatly iki ýurdy bolan Hindistan we Hytaý bolar diýlip çaklanylýar. Öňümizdäki 20 ýylda global awiakompaniýalar takmynan 18 müň 460 köne uçarytäze, has tygşytly uçar bilen çalşar.

Şatlyga beslenen pursatlar

Körpe nesliň begenji kalbyňda ýakymly duýgulary döredýär. Edermen gallaçylarymyzyň gazanan ajaýyp ýeňşi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan we saglyklaryny dikeldýän çagalara ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynda bagtyýar körpeleriň ýüzlerindäki şatlygy görenimizde-de bu ýakymly duýgyny başdan geçirdik. Bu şatlykly pursatlar hormatly Prezidentimiz we Gahryman Arkadagymyz tarapyndan atalyk aladasy bilen gurşalyp alnan bagtyýar nesliň ýadynda hemişelik galsa gerek. Durmuşymyzyň bezegi bolan çagalar biziň barlygymyz, dowamatymyz. Eziz Diýarymyz bagtyýar çagalaryň gülki sesleriniň, şirin owazlarynyň belentden ýaňlanýan ýurdy hökmünde dünýäde tanalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gül-gunçalary bolan çagalar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandyr. Olaryň parahat durmuşda ösüp-ulalmagy, sapaly dynç almagy, saglygyny dikeltmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler bar. Bu babatdan, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilip, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik ýaly asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň durmuşa geçirýän ägirt

Topragyň altyn nygmaty

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine mydama bol hasyl bilen jogap berýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň dilden düşürmeýän bu sözi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda has-da dabaralandy. Merdana türkmen gallaçylary ene ýere yhlas edip, guşgursak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny Watan harmanyna goşdular. Bu bolsa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda galla bolçulygyny üpjün etmek ugrunda täze bir sepgidiň eýelenendigini görkezýär. Güneşli Diýarymyzda daýhançylyk işi — arzylanýan kesp, hormatly hünär, ekerançylyk meýdanlary bolsa rysgal-berekedi bolluk bilen eçilýän ýerler. Şeýle bolansoň, daýhan ýeriň, ýer daýhanyň hemrasy, ikisi-de halal zähmete aşyk. Daýhan ýeri «gözden salmasa», ýer ony hor edenok. Bu pikir-düşünje gallaçy daýhanlar barada aýdylanda, aýratyn çuň mana eýe bolýar. Sebäbi bugdaý ekip, galla ýetişdirip, bol hasyl almak diňe bir il-günüň eşretini artdyrman, eýsem, has giň manysynda, adamzat ýaşaýşynyň hem özeni bolup durýar. Altyn öwüşgin içre tolkun atan bugdaýly meýdanlarda joşýan yhlasly zähmet gallaçy daýhanyň ýyllyk azabynyň rehnedini berýär. Galla oragyny gysga möhletde jemleýän gallaçy kärendeçiler öňde goýan aýdyň maksatlaryna ýetmek üçin hasylyň ýeke dänesini hem yr

Mert pederleň ruhy bardyr köňülde

Türkmen halky geçmişden şu günlere çenli mert, merdana halk hökmünde tanalyp gelýär. Merdi-merdanalyk «Mert arkasyndan il guwanar», «Mert serini berer, syryny bermez», «Mert söweşde belli, dana — geňeşde», «Mert özünden görer, namart — ýoldaşyndan», «Mert ýigitden mert dogar», «Mert ýigitler supra ýaýar, a:t alar», «Merde berseň aşyňy, mert hezzetlär başyňy» diýýän halkymyzyň ganynda bar. Şonuň üçin hem, ine, şu hakykaty merdana türkmen halkymyz ýüreginden syzylyp çykan Türkmenistanyň Döwlet senasyndaky: Janym gurban saňa, erkana ýurdum,Mert pederleň ruhy bardyr köňülde —

Beýik döwre buýsanç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şan-şöhraty barha arşa göterilýär, ykdysady kuwwaty pugtalanýar. Gündelik durmuşymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler hem şeýle diýmäge esas berýär. Asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlarynyň asman giňişligindäki ýyldyzlaryň birine «Arkadag» diýip at goýandyklary baradaky hoş habar halkymyz üçin şanly wakalaryň biri bolup, ählimizde gyzgyn seslenme döretdi. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli asman jisimine «Arkadag» adynyň dakylmagynyň özi sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şähere bolan buýsanjyň we guwanjyň nyşanydyr.

Şanly ýyl mynasybetli

Ýakynda Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşyk welaýat prokuraturasy, beýleki hukuk goraýjy edaralar hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy. Duşuşyga gatnaşanlar, ilki bilen, muzeý boýunça syýahat etdiler. Sergi bölümlerinde sergilenen taryhy tapyndylar, şöhratly taryhymyzdan söhbet açýan gymmatlyklar uly gyzyklanma döretdi. Ol ýerdäki gymmatly maglumatlar hem ünsi çekiji boldy. Muzeýiň hünärmenleriniň muzeýde saklanýan taryhy tapyndylar hakdaky gürrüňlerini diňlemek has-da täsirli boldy.