Çagalaryň şadyýan, şatlykly günleri

17 Iýul 2024
181

Çagalar üçin iň bir hezil döwür bolan tomus pasly dowam edýär. Olar sapaly günlerde gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ähli amatlyklary bolan «Daýanç», «Arzuw», «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç alýarlar, her bir gününi şatlykly, peýdaly geçirýärler. Syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden çagalar dynç almaga gelýärler. Olar «Awaza» akwaparkynda hem-de «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» oýun-attraksionly seýilgählerde gezelençlerde bolup, wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Çagalar gezelenç etmegi, syýahata gitmegi halaýarlar. Ýatdan çykmajak täsir galdyrýan ýerler bolsa az däl. Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri-de muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergiler bilen ýygy-ýygydan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde myhmançylykda bolýarlar. Muzeýiň guraýan sergileri çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Sergiler çagalaryň watansöýüjilik duýgularyny ösdürip, olarda röwşen geljege bolan ynamy kemala getirýär.

Azatgül ŞÄMIÝEWA,
Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar