"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

ŞANLY SENÄ SOWGAT «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, şanly seneleri, toý-baýramlary türkmeniň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýuny dabaralandyrýar. Maý aýynyň 17-sine Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykandygyny aýdyp, onuň halkymyz üçin gymmatly sowgat boljakdygyny belledi.

Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi

WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ — SAGDYNLYGYŇ SAKASY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzda welosipedli ýörişler, welosport uly ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz welosporty ösdürmäge, ildeşlerimizi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen mümkinçilikleri döredip berýär.

Döredijilik bäsleşigi

ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI Üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny artdyrmak maksady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik guraldy. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, olary döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmäge bolan ukybyny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly bäsleşik şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden çagalar gatnaşdylar.

Ylymlar gününe

BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Okamaga, işlemäge, döretmäge, bilim almaga giň mümkinçilikler bar. Ösüp gelýän ýaş nesliň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar.

Şahyryň döredijiliginden ruhlanyp

“Dünýäni saklaýan zat gözellikdir” diýilýär. Elbetde, “gözellik” diýlende, dünýäniň, tebigatyň gözelligi, şeýle-de, gyz-gelinleriň görk-görmegi, zenan gözelligi göz öňüňe gelýär. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Gündogaryň beýik akyldary diýlip ykrar edilen, biziň milli buýsanjymyz — nusgawy şahyrymyz, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem: ...Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Wajyp wezipe Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz Türkmenistanymyz ösüş-özgerişli ýol bilen öňe barýar. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de kämilleşdirmekde tutumly işler bitirilýär. Kabul edilýän täze kanunlar döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

Asudalygyň goragynda

NESIL TERBIÝESI — ERTIRIŇ ALADASY “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da ösüp gelýän nesil hakda alada aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Nesil terbiýesi bagtyýar geljegimiz bilen berk bagly bolany üçin dana pederlerimiziň ýol-ýörelgesinden ugur alnyp bu meselä uly üns berilýär. Ösüp gelýän nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda hormatly Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňde goýýar.

Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrabynyň ÝHB-niň döwlet ýangyn gözegçiliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Baýram AMANOW bilen duşuşyp, söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ähli söwda nokatlarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatlatmagy maksat edindi.

Bagtyýarlyk we sagdynlyk

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň uly mejlisler zalynda «Bagtyýarlyk sagdyn nesilden başlanýar» atly amaly maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäherde zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Körpeleriň sagdynlygy — baş aladamyz

Güneşli diýarymyzda körpe nesil aýratyn üns we alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler anyk şaýatlyk edýär. Çagalar baglarynda körpelere döwrebap sowat öwredilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, sagdyn ösmegi babatda buýsanja mynasyp işler alnyp barylýar. Tomus möwsüminiň gelip ýetmegi bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen geçirilýän taplama, göwünaçma we oýun çäreleriniň sany artýar. Şonuň bilen baglylykda, biziň çagalar baglarymyzda hem tomus sagaldyş möwsümine ykjam taýýarlykly gelindi. Tomusky taplama çäreleri guramak üçin toparyň meýdançalarynda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Döwlet synaglary dowam edýär

Üstümizdäki şanly ýylda orta mekdepleri tamamlan uçurym ýaşlar şu günler gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrýarlar. Ýeri gelende, 2023-2024-nji okuw ýylynda Gökdepe etraby boýunça bagtyýar ýaşlaryň 1 müň 830-synyň mekdep uçurymy bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwlet synaglary olaryň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir. 11-nji synpy tamamlan ýaşlar 1-nji iýunda türkmen dili we edebiýaty dersinden ilkinji döwlet synagyny üstünlikli tabşyrdylar. Bilim ojaklarynda döredilen giň şertler we mümkinçilikler synaglaryň guramaçylyk derejesine oňyn täsirini ýetirdi. Bagtyýar ýaşlar beýleki degişli dersler boýunça döwlet synaglaryny hem tabşyrýarlar. Bu synaglar olaryň ak mekdeplerde alan bilimlerini näderejede özleşdirendigini, şeýle-de zehin-başarnyklaryny ýüze çykarýar.

Buýsançly döwrümiz bar

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar bilen ýazyljak şanly wakalara baýdyr. Her bir günümiziň ykbal özgerdiji ösüşlerdir özgertmelere, ajaýyp üstünliklere beslenmegi hem şeýle diýmäge esas berýär. Ýurdumyzyň ösüşleri ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterip, päk we döredijilikli zähmete höwesini artdyrýar. Şeýle bolansoň, Watanymyzyň ähli ugurlarynda zähmet gadamlary barha batlanýar. Biz—jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bolup geçýän ösüşleri we özgertmeleri, taryhy wakalaryň ähmiýetini ildeşlerimize baý many-mazmuny bilen düşündirmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Şu günler etrabymyzyň çäginde guraýan duşuşyklarymyzyň barşynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny hem-de wezipelerini ildeşlerimize düşündirýäris, wagyz edýäris. Galyberse-de, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göterýändigi bilen bagly täsirli çäreleri, şanly seneler mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny guraýarys.

e.gov.tm portalynda Türkmenistanyň raýatlary üçin peýdaly bolan zerur maglumatlar bar

Türkmenistanyň e.gov.tm Döwlet hyzmatlar portaly raýatlara dürli resminamalary düzetmek we kepilnamalary almak üçin zerur bolan mümkinçiligi hödürleýär. Portalda Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny, çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasyny hem-de beýleki möhüm resminamalary almak üçin anyk gözükdirmeleri tapmak bolýar. Maglumatlar ulanyjylaryň döwlet edaralaryndan zerur bolan maglumatlary tiz tapmagyny göz öňüne tutup düzülendir.

Олег Кононенко стал первым в истории, кто провёл в космосе 1000 суток

5 июня 2024 года общее время пребывания в орбитальных полетах российского космонавта Олега Кононенко достигло 1 тысячи суток. Это новый рекорд в истории пилотируемой космонавтики. В настоящее время Кононенко находится на Международной космической станции (МКС) и совершает свой пятый полет в космос. «Сегодня в 00:00:20 по московскому времени космонавт Госкорпорации «Роскосмос» Олег Кононенко, работающий на Международной космической станции, впервые в мире набрал 1000 суток по суммарной длительности космических полетов», – говорится в сообщении Роскосмоса.

«Ertekiler dünýäsi» — dynç alşyň arzyly mekany

Çagalyk — ähli ynsanlary birleşdirýän bir bitewi düşünje. Şonuň üçinem bu ajaýyp döwrüň özboluşly duýgularyny bagyş edýän menzil-mekanlar ähli ýaşdaky, kärdäki adamlaryň aýratyn höwes bilen barýan ýeri bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümine paýtagtymyzyň seýilgähleridir medeni we söwda dynç alyş merkezleri-de ýokary taýýarlykly geldiler. Hususan-da, möwsümde merjen şäherimiziň merkezinde ýerleşýän, tapgyr-tapgyr nesliň çagalygyny ýada salyp duran «Ertekiler dünýäsi» täze hem ýokary hilli hyzmatlary bilen gapylaryny giňden açdy. Biziň ünsümiz Türkmenistanyň milli «Disneyland»-y hasaplanýan şol mesgeniň özboluşly dünýäsinde eglendi. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyna golaý ýerleşýän 35 gektarlyk medeni-dynç alyş merkezinde açyk howadaky we içerdäki oýun attraksion düzümleri, köli, welosiped meýdançalary, seýilgäh zolaklary bolan köpugurly toplum hereket edýär. Merkeziň esasy girelgesi gadymy Gündogaryň gümmezli şäher derwezelerine çalymdaş bolup, göýä diýersiň, şol «Jadyly älemiň» başlangyjy ýaly garşy alýar. Onuň demirgazyk tarapyndan barsaň, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gadymy şäherleriň binagärlik nyşanlary hasaplanýan özboluşly binalardyr desgalaryň diwar ýüzüne çekilen suratlaryny synlap geçýärsiň.

Ýaş nesliň kämil terbiýesi ugrunda

Çagalaryň ertirki güni hut olar baradaky alada, körpeleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky tagallalara baglydyr. Şu günler ýurdumyzda tomus pasly dowam edýär. Umumybilim edaralarynyň okuwçylarynyň dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmekleri, orta mekdepde alan bilimleriniň üstüni ýetirmekleri, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ajaýyp mümkinçilik berýän bu döwürde ýurdumyzdaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şypaly Gökderäniň sapaly künjeklerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlaryň ajaýyp tebigy ýerlerinde gurlup ulanmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri tapgyrlaýyn esasda müňlerçe ýaş türkmenistanlylara tomusky möwsümiň gyzykly başdan geçirmelerini sowgat edýär. Watanymyzyň aýdyň geljeginiň eýeleriniň uly topary 2-nji iýunda 1-nji tapgyr boýunça çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradyldy. Bilşimiz ýaly, merkezlerde oýun oýnamak, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, el iş gurnaklary, teatr, şekillendiriş otaglary, kitaphanalar hereket edip, şadyýan çagalaryň kalbynda egsilmez joşgun we buýsanç duýgularyny döredýär. Türkmenistanyň Bilim, Medeniýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikdäki tagallalary esasynda, ýörit

Nesil aladasy mukaddesdir

Nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek dogrusyndaky alada halkymyzyň mukaddes ýörelgeleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyjy bilen, 2021-nji ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, öz gazanjyndan ilkinji bolup bu gazna serişde goýmagy ýaş nesliň saglygy, sahawatly işleriň kök-pudak ýaýradyp, jemgyýetiň ýürek urgusyna öwrülmegi ugrunda alnyp barylýan abyrsyz işleriň bir bölegini görkezýär. Ösüp gelýän nesliň sagdynlygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge goşant goşmak jemgyýetçilik işiniň möhüm bölegine öwrülip, döwlet tarapyndan goldaw berlende, bu ugurda nähili üstünlik gazanylýandygyny bu gaznanyň mysalynda görmek bolýar. Bu gazna Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gaznadyr. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň işi barha giň gerime eýe bolýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny berkitmäge goşant goşandygy üçin degişli sertifikat bilen sylaglanandygy bu işleriň ähmiýetin

Şanly ýyla gymmatly sowgat

Düýn Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Magtymguly» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Welaýat häkimligi tarapyndan guralan dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdy. Medeniýet ojagynyň eýwanynda welaýat kitaphanasy tarapyndan guralan kitap sergisi bilen tanyşmakdan başlanan dabara täsirli çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan toýlanýan ýylynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy, şanly ýylymyzda beýik akyldaryň edebi mirasyna bagyşlanan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýändigi barada söz açdylar.

Çaga — durmuşyň güli

Ösen jemgyýetimizde, agzybir maşgalalarda, döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynda hem-de saglyk ulgamynda özara sazlaşykly, aýdyň maksatly işler alnyp barylýar. Bu hakykat Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda, Ak bugdaý etrap hassahanasynda «Arkadagyň sahawaty — sagdyn nesliň dowamaty» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahatda hem aýdyň şöhlelendi. Çagalar baýramçylygyna bagyşlanyp, tomsuň ilkinji gününde geçirilen bu maslahat bagtyýar balalaryň keýpiçag gülküleri, şadyýan aýdym-sazlary hem-de dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Dabarada Ahal welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewanyň, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi şahamçasynyň müdiri Nurmuhammet Otuzowyň eden çykyşylary has-da täsirli boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, sagdyn durmuşy kemala getirmek, ruhubelent, berk bedenli, hemmetaraplaýyn sagdyn ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky işler, durmuşa geçirilýän özgertmeler we gazanylýan netijeler ýylsaýyn ýokarlanýar. Halkyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň derejesinde alyp barýan, aýratyn hem

Bagtyýar nesliň alkyş kelamy

Bagtyýarlygyň mekany bolan güneşli Diýarymyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenip, ýeňijiler sylaglandy. Iki tapgyrda geçen döredijilik bäsleşigine surat çekmegi halaýan zehinli çagalaryň müňden gowragy surat eserleri bilen gatnaşdy. Ýaş suratkeşler bäsleşige hödürlän eserlerinde çagalygyň bagtyýar, şadyýan dünýäsini, ata Watanymyza bolan söýgüsini, ýurdumyzyň tebigy gözelliklerini, halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan milli gymmatlyklarymyzy, agzybir ilimiziň toý-baýramlarynyň asylly däp-dessurlaryny ussatlyk bilen suratlandyrmagy başardyrlar. Döredijilik bäsleşigine welaýatymyzdan hem zehinli ýaş suratkeşler gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Biz hem öz gezegimizde zehinli çagalary gazanan üstünlikleri bilen gutlap, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik: