«Ertekiler dünýäsi» — dynç alşyň arzyly mekany

5 Iýun 2024
309

Çagalyk — ähli ynsanlary birleşdirýän bir bitewi düşünje. Şonuň üçinem bu ajaýyp döwrüň özboluşly duýgularyny bagyş edýän menzil-mekanlar ähli ýaşdaky, kärdäki adamlaryň aýratyn höwes bilen barýan ýeri bolmagynda galýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümine paýtagtymyzyň seýilgähleridir medeni we söwda dynç alyş merkezleri-de ýokary taýýarlykly geldiler. Hususan-da, möwsümde merjen şäherimiziň merkezinde ýerleşýän, tapgyr-tapgyr nesliň çagalygyny ýada salyp duran «Ertekiler dünýäsi» täze hem ýokary hilli hyzmatlary bilen gapylaryny giňden açdy. Biziň ünsümiz Türkmenistanyň milli «Disneyland»-y hasaplanýan şol mesgeniň özboluşly dünýäsinde eglendi.

Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyna golaý ýerleşýän 35 gektarlyk medeni-dynç alyş merkezinde açyk howadaky we içerdäki oýun attraksion düzümleri, köli, welosiped meýdançalary, seýilgäh zolaklary bolan köpugurly toplum hereket edýär. Merkeziň esasy girelgesi gadymy Gündogaryň gümmezli şäher derwezelerine çalymdaş bolup, göýä diýersiň, şol «Jadyly älemiň» başlangyjy ýaly garşy alýar. Onuň demirgazyk tarapyndan barsaň, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gadymy şäherleriň binagärlik nyşanlary hasaplanýan özboluşly binalardyr desgalaryň diwar ýüzüne çekilen suratlaryny synlap geçýärsiň.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar