Saýlaw kampaniýasy başlandy
Eýran Yslam Respublikasynda dalaşgärligi soňky sanawa girizilen alty syýasatçynyň saýlawlardan öňki kampaniýasy resmi taýdan başlandy we iki hepde dowam eder. Bu barada ýurduň saýlaw ştabynyň wekili Mohsen Eslami aýtdy. 9-njy iýunda Eýranyň Gözegçilik geňeşiniň metbugat sekretary Hadi Tahan-Nazif döwlet teleýaýlymynda eden çykyşynda Geňeşiň möhletinden öň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin hasaba alnanlaryň dalaşgärligini barlamak işlerini tamamlandygyny habar berdi.«Prezidentlige dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy, Içeri işler ministrligi tarapyndan atlarynyň yglan edilen senesinden resmi taýdan başlandy we ses berişlik başlamazdan 24 sagat öň, ýagny 27-nji iýunda irden tamamlanar» diýip, Eýranyň döwlet teleýaýlymy IRIB Mohsen Eslaminiň sözlerine salgylandy.