Millilige ýugrulan mukaddes baýram

14 Iýun 2024
187

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy bolup, bu mukladdes sene adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe - beýik geljege sary ynamly gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar.

Adamzadyň medeni ösüşiniň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramynyň milli däpdessurlarynyň binýady köpasyrlyk taryhy bolan halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine daýanýar. Bu baýram türkmeniň haýyr-sahawatlylyk, ýokary ruhy-ahlak, pähim-paýhas gymmatlyklaryny giňden dabaralandyrýar. Türkmen halkymyz Gurban baýramynyň üç günläp dowam edýän günlerinde agzybirlik bilen, bu nurana baýramçylygyň şanyna öz dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň we goňşularynyň öýlerine myhmançylyga barýarlar, özleri hem myhmanlary kabul edýärler. Her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmen Diýarynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna sadakalar berilýär, ýagşydan-ýagşy doga-dilegler edilýär. Gudraty güýçli Allatagalanyň şanyna, parahat we döredijilikli durmuşyň şanyna aýat-töwir okalýar. Mukaddes baýramyň hormatyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda dürli öwüşgindäki şowhunly-dabaraly çäreler geçirilýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar