"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Täzelikler

Şu gün welaýatymyzyň etrap-şäherlerinde bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu çärä orta mekdepleriň mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri işjeň gatnaşýarlar. Okuwlarda welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, tejribeli mugallymlar, alymlar bilim-terbiýeçilik işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak arkaly okatmagyň öňdebaryjy usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrmak dogrusynda nutuklar bilen çykyş edýärler. Okuwlarda golaýlap gelýän täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňlerinde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Awtomobil sporty okgunly ösüşe eýe bolýar

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Sport ulag merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär. Awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmagy, olaryň halkara derejede geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýar.

Watan Ogluny Watan unutmaz!

Halkyň wepaly perzendi, parasatly peder Mälikguly Berdimuhamedow hakynda köňül kelamy Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň başlary. Has takygy, mundan göni togsan iki ýyl ozal. Şol mahallar dünýä gelen perzentleriň ykbalyny göz öňüne getirip görüň! Juda agyr, çylşyrymly döwür. Durmuşyň haýhatly döwri. Mälikguly agamyz şol döwürde dünýä gelipdir. Onsoň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy. Uruşdan soňky dikeldiş ýyllary... Onuň bütin çagalygy, ýetginjekligi, ýaşlygy şeýle kyn günlere gabat gelipdir.

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA BARÝARYS

Merdana halkymyz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda taryhy-syýasy ähmiýetli möhüm wakanyň, il-ýurt bähbitli belent maksatly tutumyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň öňüsyrasynda dur. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly tagallasy bilen binýady berkidilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty berkarar döwletimiziň demokratik ýörelgeleriniň, syýasy-ynsanperwer garaýyşlarynyň hem-de milli ruhy gymmatlyklarymyza esaslanýan halk häkimiýetliliginiň döwrebap we kämil nusgasydyr. Ol täze taryhy döwürde halk bilen döwletiň bir bitewüligini, jebisligini, milli döwletlilik ýörelgelerini alamatlandyrýar. «Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr. Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris. Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr» – Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp sözlerinde ýurdumyzyň iri syýasy-jemgyýetçilik guramasynyň esasy ýörelgeleri we maksady özboluşly şöhlelenýär. Şeýle hem Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygarlarynda milli döwletlilik ýörelgämiz, halk demokratiýasy öz beýanyny tapýar. Şeýle-de bu ynsanperwer şygarlar ýurdumy

Şu gün — Hazar deňziniň halkara güni

Hazarýaka döwletleriň wekilleri tarapyndan 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça bäş sany, ýagny Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Çarçuwaly Konwensiýa gol çekildi. Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Şol gün hem, ýagny her ýylyň 12-nji awgusty Hazarýaka döwletlerinde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär. Konwensiýanyň baş maksady deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirilendir. Hazar deňziniň biodürlüligi we bu ýerde duş gelýän janly organizmler özboluşly bolup, olaryň köpüsiniň diňe şu ýerlerde duş gelýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Hazarda suwotularyň 450-den gowrak, suwuň dürli gatlaklarynda ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň 400-e golaý görnüşi bar. Hazarýaka sebitinde guşlaryň 300-den gowrak görnüşi duş gelýär. Şeýle-de sebitde guşlardan başga-da, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň, süýdemdirijileriň köp görnüşleri ornaşan. Bu deňizde başga hiç ýerde duş gelmeýän hazar düwleni hem ýaşaýar. Bekre balyklarynyň dünýä gorunyň 90 göterim töweregi bu ýerde jemlenendir.

Hazar deňzi — baýlyk hem gözellik

Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, geljekki nesillerimize tebigy baýlyklarymyzy has gözel görnüşde ýetirmekden hem-de bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr. Hazar sebiti uglewodorod serişdelerini çykarmak we ibermek boýunça iň iri dünýä merkezleriniň biri hökmünde okgunly ösýär. Şeýle-de ählumumy derejeli ulag geçelgesine öwrülýär. Tebigatyň bu täsinligi — Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdany. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik — diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Rus­si­ýa­nyň mek­dep okuw­çy­la­ry Hazaryň türkmen kenaryna dynç al­ma­ga gel­di­ler

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­syn­da bi­rin­ji or­na my­na­syp bo­lan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň mek­dep okuw­çy­la­ry şu ýy­lyň 1 — 10-njy aw­gusty ara­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky «Da­ýanç» sa­gal­dyş mer­ke­zin­de dynç alyş­da bo­ldu­lar.

Döw­let­li işe ýo­ka­ry de­re­je­li taý­ýar­lyk

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni 2024-nji ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň de­giş­li Ka­ra­ry­na gol çek­me­gi hem­me­le­ri buý­san­dyr­dy. Çün­ki hä­zir­ki dö­wür­de Halk Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy bol­mak bi­len, dö­wür­le­riň aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy­ny hem-de ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re, saý­lap alan dö­re­di­ji­lik­li ýo­lu­na yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Mek­dep ba­za­ry: täze okuw ýylyna taýýarlyk

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ba­zar diý­le­n­de he­mi­şe haý­sy­dyr bir ha­ry­dyň sa­ty­lyp, haý­sy­dyr bir ha­ry­dyň sa­tyn alyn­ýan ýe­ri göz öňü­ňe gel­ýär. Ýö­ne mek­dep ba­za­ry di­ýe­ni­miz­de göz öňü­miz­de, dün­ýä­miz­de jan­lan­ýan pur­sat­lar di­ňe bir alyş-ça­lyş pur­sat­la­ry bi­len çäk­len­me­ýär. Çün­ki bu ýer­de şu gün­ki aja­ýyp za­ma­na­my­zyň bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­nyň mek­de­be, tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­ly­gy bi­len bag­ly bo­lan mek­dep ly­bas­la­ry­nyň, es­bap­la­ry­nyň, en­jam­la­ry­nyň söw­da­sy bi­len bir­lik­de hiç bir pu­la sa­tyn alyn­ma­ýan aja­ýyp pur­sat­lar: ata-ene hem-de per­zent gat­na­şyk­la­ry­nyň süý­ji mi­nut­la­ry jan­lan­ýar. Her bir ata-ene tä­ze okuw ýy­ly üçin öz mäh­ri­ban og­lu­nyň, gy­zy­nyň öz hö­wes eden mek­dep ha­ryt­la­ry­ny alyp ber­me­gi, sa­tyn alyp be­ren ha­ryt­la­ry­nyň per­zent­le­ri­ni çyn ýü­rek­den be­gen­dir­me­gi­ni ar­zuw ed­ýär.

Buý­san­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len ýur­du­myz­da mil­li de­mok­ra­ti­ýa­ny, halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­ni mun­dan beý­läk-de ber­kit­mek, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň, hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­niň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri il-gün bo­lup mas­la­hat­la­şyp ge­ňe­şip çöz­mek ýa­ly ata-ba­ba ýol bo­lup gel­ýän ýö­rel­ge­ler giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty bu ugur­da ga­za­ny­lan aja­ýyp ta­ry­hy we oňyn tej­ri­bä­niň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir.

Milli ýörelgä sarpa

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiz: «Bu ýurt bi­ziň Wa­ta­ny­myz­dyr! Bu ýer bi­ziň mäh­ri­ban top­ra­gy­myz­dyr! Biz ata-ene­le­ri­mi­ziň we maş­ga­la­nyň mu­kad­des­li­gi­ni ar­şa gö­ter­ýän halk­dy­rys!» di­ýip bel­le­ýär.

Ýaşlar neşiriniň täze sany

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň ýa­nyn­da­ky «Ar­ka­dag­ly Ýaş­lar» žur­na­ly­nyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry bu elekt­ron ne­şi­riň ýe­din­ji sa­ny­ny oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne hö­dür­le­di.

Ýeň­şe ýet­me­giň esa­sy şer­ti: H­öwes hem-de özü­ňe ynam

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty giň­den wa­gyz et­mek, şeý­le hem ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne ug­ruk­dyr­mak, ola­ry sport ýa­ryş­la­ry­na tür­gen­leş­dir­mek bo­ýun­ça okuw-usu­ly we ama­ly-tej­ri­be iş­le­ri­ni alyp bar­ýan ýaş hü­när­men­le­ri­miz yzy­gi­der­li ýe­tiş­ýär. Biz şeý­le ýaş hü­när­men­le­riň bi­ri bo­lan Ma­ry­nyň Hy­dyr Der­ýa­ýew adyn­da­ky Mu­gal­lym­çy­lyk mek­de­bi­niň be­den­ter­bi­ýe mu­gal­ly­my, gö­reş bo­ýun­ça döw­let we hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­la­ryň bir­nä­çe­si­niň ýe­ňi­ji­si, Türkmenistanyň at ga­za­nan sport us­sa­dy La­çyn Gur­ba­no­wa (Badaglyýewa) bi­len söh­bet­deş­lik gu­ra­dyk.

Tä­ze müm­kin­çi­lik­le­riň deň­zi

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024  12-nji aw­gust — Ha­zar deň­zi­niň gü­ni

Awa­za­nyň ke­na­ry

«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024 Ak bi­na­lar gö­ge gö­tär göw­nü­ňi,Awa­za­nyň ke­na­ry­na ba­raň­da.Ak bu­lut­lar ak ýel­ke­ne öw­rü­ler,Awa­za­nyň ke­na­ry­na ba­raň­da.

Sagdynlygyň we sportuň sazlaşygy

Ajaýyp zamanamyzda şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa diňe bir şu günki däl-de, geljekki nesilleriň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde hem möhüm ähmiýetlidir. Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi hemmämize mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe bolandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Abraýly guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamagyň, bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýändigini hem bellemek gerek.

Şan-şöhraty arşa galýan Watanym

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany hökmünde belent ykrarnama eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär. Daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döwletimiz Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň, teklipleriniň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýyna abraý, mertebesine mertebe goşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir hem zähmetsöýer halkymyz naýbaşy baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede garşylamak üçin ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi naýbaşy baýramyň dabarasyna dabara, şanyna şan goşup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň aýdyň güwäsi bolar. Onda ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýetilen belent sepgitleriň jemi jemlenilip, ýurdumyzyň ösüşinde öňde durýan täze wezipeler kesgitlener, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.

Hyzmatdaşlygyň hem ylalaşygyň deňzi

Her ýylyň 12-nji awgustynda birnäçe döwletler bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem Hazar deňziniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu halkara sene Hazarýaka döwletleri tarapyndan ýerine ýetirilýän Hazar ekologik maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen we 2003-nji ýylyň noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2006-njy ýylda tassyklandy we resmi taýdan güýje giren güni bilen baglanyşykly esaslandyryldy. Hazar deňziniň gününiň her ýylda halkara derejede bellenilip geçilmeginiň esasy maksady ony hapalanmakdan goramak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmekden, şeýle hem Hazar deňziniň biologik baýlyklaryny gorap saklamakdan, dikeltmekden, durnukly we rejeli peýdalanmakdan, ilatyň bu barada ekologik bilimini baýlaşdyrmakdan we ekologik medeniýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Hazar deňzini gorap saklamakda birnäçe halkara başlangyçlaryny öňe süren ýurdumyzda Hazar deňziniň gününiň uly dabaralara beslenmegi bolsa bu deňze halkymyzyň tebigatyň genji-hazynasy hökmünde garaýandygynyň özboluşly subutnamasydyr.

«Gara altyndaky» gyzykly günler

Çagalar – durmuşyň gül-gunçalary. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bagtyýar ýaş nesilleriň sagdyn ösüp kemala gelmegi, okamagy, dynç almagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikler döredilýär. Muňa dowam edýän tomusky dynç alyş möwsüminde Diýarymyzyň gözel künjeklerindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde döredilen şertler bilen tanyş bolanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi hem çagalaryň höwes bilen dynç alýan, wagtlaryny şadyýan hem gyzykly geçirýän merkezleriniň biridir. Bu ýerde tomusky dynç alyş möwsüminiň her tapgyrynda 400 çaga dynç alyp bilýär.