«7/24.tm»:№33 (220) 12.08.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, olary sport ýaryşlaryna türgenleşdirmek boýunça okuw-usuly we amaly-tejribe işlerini alyp barýan ýaş hünärmenlerimiz yzygiderli ýetişýär. Biz şeýle ýaş hünärmenleriň biri bolan Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy, göreş boýunça döwlet we halkara derejeli ýaryşlaryň birnäçesiniň ýeňijisi, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Laçyn Gurbanowa (Badaglyýewa) bilen söhbetdeşlik guradyk.