"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Merdana ata-babalarymyzdan miras galan gadymy seýisçilik ýoluny geljekde hem dowam ederis

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ählumumy parahatçylyga gönükdirilen tagallalar

Milli Liderimiz täze desgalaryň açylyşyna hem-de halkara maslahata gatnaşdy 15-nji aprelde paýtagtymyzda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi 14-nji aprelde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere milli Liderimiz gatnaşdy.

Dünýä ýaň salan şanly wakalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalara beslenýär. Ozal habar berlişi ýaly, şu hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Täze dolandyryş-işewürlik merkezi kemala gelýän Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky desganyň ulanylmaga berilmegi milli senenamamyzyň şanly senesine — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Beýik işler dünýä dolýar

14-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň toý bagyny kesip, binany gözden geçirenden soň, onuň kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Ählumumy abadançylygyň, ruhy bitewüligiň bähbidine

15-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Hemmeler döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Demokratik ýörelgelere ygrarlylygyň dabaralanmagy

14-nji aprelde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesip, binanyň içine girýär. Milli Liderimiz binany gözden geçirenden soň, kiçi mejlisler zalyna bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Karary bilen, Merettagan Gurbandurdyýewiç Taganow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyldy. * * *

Milli demokratiýanyň täze belentlikleri

14-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň aja­ýyp bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň tä­ze pa­la­ta­sy­nyň bi­rin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mej­li­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re­le­re hor­mat­ly Pre­zi­denti­miz gat­naş­dy. Baý­ram­çy­lyk gör­nü­şin­de be­ze­len tä­ze bi­na­nyň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da joş­gun­ly­lyk we şat­lyk duý­gu­la­ry hö­küm sür­di. Bu ýe­re ge­len mil­li Li­de­ri­mi­zi Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň tä­ze saý­la­nylan ag­za­la­ry we Mej­li­siň de­pu­tat­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar.

Köpugurly hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär

15-nji ap­rel­de paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň gat­naş­ma­gyn­da iri des­ga­la­ryň iki­si­niň — Türk­me­nis­ta­nyň Mas­la­hat­lar mer­ke­zi­niň we Ka­bul ediş mer­ke­zi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy bol­dy hem-de «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyň da­ba­ra­ly mej­li­si ge­çi­ril­di. Şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li bu ýe­re ýygnananlar döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zy ru­hu­be­lent­lik bi­len gar­şy­la­ýar­lar.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk merkezi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň açylyşyna hem-de halkara maslahata gatnaşdy Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi. * * *

Döwletimiziň kanun çykaryjylyk esaslary berkidilýär

Öňňin paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen nobatdaky möhüm desganyň ulanylmaga tabşyrylmagy Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Türkmenistanyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edara — Halk Maslahaty döredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisini geçirdi Aşgabat, 14-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Bu çärelere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 14-nji apreli) Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary!

Paýtagtymyzyň gözelligi bilen sazlaşýan täze binalar

12-nji aprelde paýtagtymyzda “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine gelýär. Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri garşylaýarlar.

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň berkeýän döwründe hem-de giň gerimli özgertmeleriň şertlerinde ýurdumyzyň banklarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär hem-de olaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň sazlaşykly ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Aşgabadyň günorta böleginde, Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze bank binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşan hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Bu ýerdäki köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary ähli zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly s