Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

14 Aprel 2021
1043

Ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň berkeýän döwründe hem-de giň gerimli özgertmeleriň şertlerinde ýurdumyzyň banklarynyň ygtybarlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär hem-de olaryň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. 12-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabaralary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň sazlaşykly ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi.

Aşgabadyň günorta böleginde, Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze bank binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşan hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň binasyna baryp, maliýe edarasynyň täze desgasynyň binagärlik aýratynlyklary bilen tanyşdy. Binanyň umumy meýdany 17 müň inedördül metrden gowrak bolup, onuň birinji we ikinji gatlarynda amallar zallary, depozitariýa, pulhanalar, mejlisler zaly we naharhana, dürli maksatly beýleki otaglar ýerleşýär. Bu ýerdäki köp sanly gulluklar we hünärmenleriň iş otaglary ähli zerur enjamlar bilen üpjün edildi. Täze binada gymmatlyklary ygtybarly saklamak düzgünlerini we müşderilere hyzmat edilmegini üpjün etmek üçin hemme şertler göz öňünde tutulyp, döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy gurnaldy. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderini kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.

«Watan».
Beýleki habarlar