"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Duýguly dünýä

«Adam ömürde many görmek üçin hökman arzuw etmeli!».Ýandepderçedäki ýazgylardan. GYSGANMAK

Zenan bagty (hekaýa)

Ogulsoltan her gezek adamsy iş saparyna gidende şeýle pursady başdan geçirýärdi. Ol ýene-de çagalaryny naharlap ýatyransoň, ertir irden mekdebe gitjekleriniň mekdep eşiklerini alyp, soň goňşy otaga ütük etmäge geçdi. Haýsy çagasynyň eşigini ütüklese, şol çagasy-da gylygy-häsiýeti bilen onuň göz öňüne geldi. Ol çagalarynyň eşiklerini ütükleşdirip bolansoň, «Gelip, işe gidende gerek bolar...» diýip, adamsynyň ýuwulgy eşiklerini-de duran ýerinden alyp ütükleşdirdi. ...Ogulsoltan halymsyraýan gelinlerden bolmansoň, hemişe işlerini özi etmäge çalşardy. Ol çagalaryna, adamsyna hyzmat etmekden lezzet almagy başarýan gelindi. Adamsy öýde günleri «Getir, kömekleşeýin?!» diýende hem, ol juda bir işi başyndan agdyk bolaýmasa, oňa elindäki işini bermezdi. Ogulsoltan häzirem ütük işlerini birkemsiz dynansoň, ilkagşamdan uklap galan dört ýaşlyja oguljygynyň gapdalyna geçdi. Düşekde bir gowja bolup ýatan oguljygyny synlap, höwesine bäs gelip bilmän onuň ýaňagyndan ysgap ogşady. Oglanjyk ýaňagynda bimazalyk duýup, düýrügip gozganjyrady. Ogulsoltanyň wagty bilen ukusy tutmady. Her gezek Orazmyrat gaýdyp geler uçurlary, ol şeýdip, oňly uklap bilmezdi. Aşgabada giden adamsy indi şu gije ýa-da ertiriň bir ýerlerinde gara bermelidi.

Bir owuç şemal (Gündelikden)

HOSIÝAT RUSTAMOWA, Özbegistanyň «Kitob dunyosi» gazetiniň baş redaktory. * * *

Şygryýet çemeni

SETIRLER HAKDA KELAM Uzynly-kelteli, sada setirler,Ýüwrük-çaman, paý-pyýada setirler.

Gözelligiň nusgasydyr Aşgabat

Garaşsyz, Bitarap ýurduň paýtagty,Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat.Abadan illeriň buýsanjy, bagty —Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat. Arş deňinde parlap baýdagy — tugy,Bagtyýar halkynyň belentdir ruhy.Ýüreklere uzan ýollaryň nury —Arkadagyň ak şäheri — Aşgabat.

Seýdi

BIR GELIN Eý, agalar, ol obada,

Türk nakyllary we atalar sözleri

Bir namart ähli goşuny heläklär. Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.

Türk nakyllary we atalar sözleri

Bir namart ähli goşuny heläklär. Söweşde gylyç karzyna berilmeýär.

Hekaýatlar

Ynamyň güýji Jenap Braun uzak syýahatdan soň giç agşam myhmanhanalaryň birine baryp, myhmanhana işgärinden boş otag bermegini haýyş edipdir. Edil şol wagt başga bir syýahatçy hem gelip özüne boş otag berilmegini sorapdyr. Myhmanhanada bolsa iki krowatdan ybarat bir otag galan eken.

Tymsallar

Küýzeler Gadym zamanlarda bir zenanyň iki sany uly küýzesi bolup, olaryň her biri egin agajynyň bir ujundan asylyp goýlan ekeni. Küýzeleriň birinde biraz jaýryk bolup, her gezek derýadan öýe gelýänçä, içindäki suwy ýarty bolup galýan eken.

Bedewim — uçar ganatym

Gülden gözel görki bar,Synmaz edep, erki bar,Synlamaga göz gerek,Bedew münse Arkadag. Bedewleriň soltany,Pederleriň goldany,Bütindünýä meşhurdyrArkadagyň Akhany.

Ylham ýaýlasy

WatanymDoýma ýokdur paýhas siňen görküňden,Parahatlyk daň şapagy atanym.Alaňlary kalba owaz namaly,Arkadagly, adyl ýolly Watanym. Erkin guş biz, ýaýylandyr ganatlar,Bagta sary bat alandyr ak atlar.Dostlar dogan boldy, dost boldy ýatlar,Arkadagly, adyl ýolly Watanym.

Ylham ýaýlasy

Yşk heseriÝap boýunda ösüp barýan ak derekSen juda owadan Aýyň yşgyna.Şemal huzuryňa seni soraglap,Gelipdir, düşüp seniň yşkyňa. Maksat tutup saňa sary,Içki syryn ýaňadandanDiýmäge gelipdir ol.Kürekläp yşkyň heserin,Waraklap yşkyň eserin,Diwana bolupdyr ol.

Ylham ýaýlasy

Obam bilen hyýaly söhbetÝaýlasyna kürsäp girip ýaşlygyň,Eýýäm çagalygmy ýitirdim, obam!Şol ýitgimi tapmak üçin goýnuňdanGeçmişi hakyda getirdim, obam! Duýgularmy kebelek deý ga:ýdyran,Şemallar çalyp ýör çagalyk heňim.Köçeleriň gursagyna seretsem,Aýak yzlarymam bar eken meniň.

Myhman hormaty

Myhmany ugradyp, öýi süpürmek — Türkmeniň däp-dessurynda bolanok.«Ugran myhman öýne ýetsin sag-aman»Diýip, aýal öýe sübse çalanok. Menem hezzet-hormatyny ýetirip,Myhmanyn ýap-ýaňy ugradan kişi.Bir çäýnek gök çaýy öňüme alyp,Käsä guýýan.Görsem, uly bir boýçy!

Yllham ýaýlasy

Garly goşgyGoşgy ýazdy ýigit ojak başyndaGyş güni günuzyn öýde oturyp.Ak gar ýaly ak alkymly ak gyzyGarpamyk deý göz öňüne getirip. Gyzyň kamatyna gyş bilen gardanMeňzetme gözledi agyrdyp başyn.Ýaňaklarny nar deý gyzartjak bolupSowurdy ýüzüne şemalyn gyşyň.

Ylham ýaýlasy

Gyşyň ak gary Gyş sowuk bolsa-da öz ýakymy bar,Şat çagalar buzda typyp oýnaýar.Göwnümi göterýär gyşyň görnüşiGözüm ak garlary synlap doýmaýar.

Ylham ýaýlasy

Bagtyýarlyga buýsanç Garaşsyzlyk — ýurduň çüwen ykbaly,Bitaraplyk — halkyň bagtyýarlygy.Bu goşa sütünde, beýik binýatdaBina gül Diýaryň berkararlygy.

Şygryýet bossany

Ejem keşde çekerdi Ýadymda gijäniň bir wagtyna çen,Ejem ýatman elde gaýma gaýardy,«Hany, ýatyň, indi giç boldy» diýip,Lukman ýaly saglygmyzy aýardy.

Tokga ýegen

(Nowella) Maşgalamyzyň özünden ekabyrraklary oňa «Tokga ýegen», özünden kiçiler bolsa, «Tokga gelneje» diýerdiler. Onuň ýaşy segsenden agandyr welin, hyk-çok edenini gören adam ýokdy. Ir wagtlar enem dagy: «Baý, şu Tokga ýegen gaýratly adam eken-ow. Ejesi Bossan görgüli iki perzendini — Kakajan bilen Tokgany ýetim goýup, dünýesini täzeländen soň, başyndan geçmedik külpet galan däldir pahyryň» diýerdi-de, uludan demini alyp oturybererdi. Biz hem entek oglan bolanymyz üçin, ol sözleriň aňyrsynda nämeleriň ýatandydyny aňşyrjagam bolmazdyk. Sebäbi biziň üçin dünýäde Tokga gelnejemden bagtly adam ýok ýalydy. Öýümizde onuň adynyň tutulmaýan güni bolanokdy. El-aýak ýaly ýetişikliligini, işeňňirligini dillerinden düşürmezdiler. Bize ol öwgüleriň hemmesi düşnüklidi. Ýöne «Bir öýüň erkegem özi, aýalam» diýmeklerine bolsa dogumlylygy üçin aýdylýandyr öýdýärdik.