Zenan bagty (hekaýa)

3 Fewral 2021
1082

Ogulsoltan her gezek adamsy iş saparyna gidende şeýle pursady başdan geçirýärdi. Ol ýene-de çagalaryny naharlap ýatyransoň, ertir irden mekdebe gitjekleriniň mekdep eşiklerini alyp, soň goňşy otaga ütük etmäge geçdi. Haýsy çagasynyň eşigini ütüklese, şol çagasy-da gylygy-häsiýeti bilen onuň göz öňüne geldi. Ol çagalarynyň eşiklerini ütükleşdirip bolansoň, «Gelip, işe gidende gerek bolar...» diýip, adamsynyň ýuwulgy eşiklerini-de duran ýerinden alyp ütükleşdirdi.

...Ogulsoltan halymsyraýan gelinlerden bolmansoň, hemişe işlerini özi etmäge çalşardy. Ol çagalaryna, adamsyna hyzmat etmekden lezzet almagy başarýan gelindi. Adamsy öýde günleri «Getir, kömekleşeýin?!» diýende hem, ol juda bir işi başyndan agdyk bolaýmasa, oňa elindäki işini bermezdi. Ogulsoltan häzirem ütük işlerini birkemsiz dynansoň, ilkagşamdan uklap galan dört ýaşlyja oguljygynyň gapdalyna geçdi. Düşekde bir gowja bolup ýatan oguljygyny synlap, höwesine bäs gelip bilmän onuň ýaňagyndan ysgap ogşady. Oglanjyk ýaňagynda bimazalyk duýup, düýrügip gozganjyrady. Ogulsoltanyň wagty bilen ukusy tutmady. Her gezek Orazmyrat gaýdyp geler uçurlary, ol şeýdip, oňly uklap bilmezdi. Aşgabada giden adamsy indi şu gije ýa-da ertiriň bir ýerlerinde gara bermelidi.

Dinara MURADOWA,
maýor.
Beýleki habarlar