"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Üç ýyllyk depe (Koreý halk ertekisi)

Gadym za­man­lar­da «Üç ýyl­lyk de­pe» di­ýen bir ýer bo­lup­dyr. On­dan ýy­kyl­saň üç ýyl­dan köp ýa­şap bol­ma­ýan­ly­gy­na yna­nan oba ila­ty oňa hut şu ady da­kyp­dyr. Şo­nuň üçin hem adam­lar bu de­pe­den geç­jek bo­lan­la­ryn­da ýy­kyl­maz­lyk üçin, aşa hüş­gär­lik gör­ke­zip­dir­ler. Gün­ler­de bir gün bir go­ja ba­zar­dan öýü­ne do­la­nyp gel­ýär­kä, häl­ki gum de­pe­si­ni aşyp geç­me­li bo­lup­dyr. Ha­lyn­dan äti­ýaç edip, ha­ýal ädim urup bar­şy­na se­re­sap­ly ýö­re­mä­ge çal­şyp­dyr. Em­ma ýo­luň or­ta­ra­sy­na ýe­te­nin­de, gar­şy­syn­dan gel­ýän bir ki­şä ýol ber­jek bo­lup, gy­ra çe­ki­lip­dir. Şol ba­dada da­şa büd­räp, de­pe­den gaý­dyp­dyr.

Degişmeler düwünçeginden

Düşündirdi — Kaka, näme üçin almany dişlän mahalym ol garalýa?

Baýrak (Hekaýa)

Sema MARŞALY,türk ýazyjysy Bir hepdeden bäri sowuklamam aýrylyberenokdy. Düýn özümi hasam ysgynsyz duýanym üçin, ejem ir bilen meni uýamyň ýanyna goşup, hassahana ugratdy. Ol ýere baranymyzda sagat dokuz bolan eken. Biz haýal etmän näsag kabul ediş kagyzyny aldyk-da, hassahananyň ýokarky gatyna çykdyk. Lukmanyň kabul edýän otagyny tapyp, şepagat uýasynyň depderçesine hasaba aldyrdyk. Gapyda azyndan ýigrimi bäş adam dagy lukmana garaşýardy. Şonda uýam: «Gijä galypdyrys. Bizden öň gelenler kän, iki sagatsyz nobatymyz ýeter öýdemok» diýdi. Boş oturgyçlaryň birinde oturyp garaşmaga başladyk. Lukman syrkawlary kabul etmäge sagat 10:00-da başlaýar eken, oňa çenli entek kyrk minut dagy bardy. Ýarym sagat garaşandyrys. Uýam bir ýerde durman, nägilelik bilen içini çekýärdi. Birdenem onuň ýüzünde ýylgyryş peýda boldy:

Köne ýerzeminiň syry (Roman-detektiw)

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda). Enid BLEÝTONIňlis ýazyjysy

Janly žurnal

Ine, gadyrdan dostum, žurnalyň 61-nji sany hem okyjylara gowuşdy. Çap edilip başlanmagyna 10 ýyl doldy. Olaryň, iň bolmanda, 55-sine özümiňem dürli derejede dahylymyň, goşandymyň bardygyna begenýän. Meniň käte: «Edebiýata gadam basan badyma, gönümel «Dünýä edebiýatyna» girdim» diýip, oýun edip, öwünäýmäm bar. Redaksiýa işe gelenimde, okyjylara täze döredilen bu neşiriň ýaňy bir ilkinji sany ýetirilipdi. Onuň eýýäm 2-nji sanynda meniňem ýygra, emelsizje galamymyň yzy peýda boldy.

Dondan ylhamlanan ussat

Mihail ŞOLOHOW(1905 - 1984) Edebiýat boýunçaNobel baýragy: 1965

Dos­to­ýews­kiý ha­kda (Esse)

German GESSE,nemes ýazyjysy Dostoýewskiý hakynda täze bir zat aýtmak kyn. Ol barada aýdylmagy zerur we ýerlikli zatlaryň bary aýdyldy, bir wagtlar täzedir hem üýtgeşikdir öýdülen zatlaryň ählisi hem öz nobatynda köneldi gitdi, ýöne hasratdyr bialaçlyga uçran çagymyz oňa ýüzlenemizde müdimi täze syrlaryň we tapmaçalaryň aýtymynda ýazyjynyň özüne çekiji keşbi alnymyzda dikelýär.

Magtymguly Pyragynyň

Arzuw eden döwri geldi,Magtymguly Pyragynyň.Döwleti berkarar boldy,Magtymguly Pyragynyň. Jeýhun — Bahry-Hazar ara,Birleşdi bar taýpa-tire,Her sözi deňelýär düre,Magtymguly Pyragynyň.

Sözi dillerde gezen şahyr

Magtymguly galamy bilen halkyny 300 ýyla golaý wagt bäri döreden köňül suprasynyň başynda jemlemegi başaran söz ussadydyr. Platon: «Kitap — geplemeýän mugallym» diýýär. Ýöne biziň Magtymguly atamyzyň kitaplary bahasyna ýetip bolmajak dürdäne eserleri bilen üç asyr bäri poeziýada gepleýän iň uly mugallym, şygyr jülgesiniň saýrak bilbili bolup ýaşaýar.

Kalby mukamly terjimeçi

2005-nji ýylyň tomsudy. Çagalar bilen 16-njy belgili awtobusda öýe barýardyk. Ýolda halypa tüýdükçi Çaryýar Jumaýew sataşdy. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Hudaýberdi Durdyýewiň ýedisine görnüp gelýän. Siz göründiňizmi? Aşyrberdi Kürtüňem dostudyr ol» diýdi. Bu ajy habary şol wagt eşidip durşumyzdy. Şol gün onuň maşgala ojagyna märeke sowluşansoň bardyk. Hudaýberdi aga Aşyrberdi kakamyz ýogalanda Nazar Gullaýew bilen belli günleriniň ählisine gatnaşypdy. «Wah, ýogalan güni eşitmändiris. Nirede ýerlendi?» diýip soradym. Ýazyjynyň aýaly Bibi gelneje: «28-nji iýunda ýogaldy. Isgender obasynyň «Garadäde» gonamçylygynda ýerlendi. 1932-nji ýylyň 5-nji maýynda doglan. Ýakynda 73 ýaşy dolupdy. Başagaýlyk bilen habar ýetirmändiris, bagyşlaweriň! Aşyrberdi agaňyzyň ýegre dostlarynyň biridi» diýip, şu pursady ýatlady.

Halypam hakda kelam

Fahri ERDINÇ,türk ýazyjysy 1938-nji ýylyň tomsunda Ankaranyň döwlet konserwatoriýasynyň teatr bölümine girmek üçin Stambula geldim.

Dünýäniň danalary

(Dowamy. Baş­lan­gy­jy žur­na­lyň ge­çen sanlaryn­da). Igor MUSSKIÝ,rus ýazyjysy

Şygryýet

Söz parlak Gündür,ol ýüreklerde dogup,asyrlary ýagtyldýandyr. Belentligiň bakylykdan nyşandyr

Tebip (Hekaýa)

Arslan bu gün hem hemişekisi ýaly otagma-otag aýlanyp, syrkawlaryň hal-ýagdaýy bilen tanşyp barşyna şepagat uýasyna görkezmeleri berýärdi. Nobatdaky otaga girende tanyş ýüze gözi düşüp ýylgyrdy: — Tebip kaka, salawmaleýkum, bärläpsiň-le, haýyr bol-a! Şu ýaşyňyza lukmana ýüz tutanyňyzy eşitmändim. Näsaglamaly adam-a däl siz, ýa garrylykdan basylyp, şägirtleriň ýanyna ýaşlygyň dermanyny gözläp geldiňizmi? Kakam-a başy agyryp, baldyry syzladygy: «Iküç günläp tebip kakamyň ot-çöpden taýýarlaýan melhemlerinden içip, gürrüňlerini diňlejek» diýip, siziň ýanyňyza, oba eňiberýärdi. Gaýdyp gelende-de ýüzi-gözi açylyp gelýär!

Nämeden başlamaly? («E-S-iň» arhiwinden)

Berdi KERBABAÝEWIŇ «Ýadymda galanlar» atly ýatlamalaryndan Men ýonulyp-ýonulyp bir tutuma gelen galamymy elime alyp, synlap oturdym. Ol ýönekeý, göräýmäge içinden gara geçen adaty çöpden ýa-da gamyşdan enaýy däldi. Ýöne weli onda göze görünmez bir gudrat bar ýalydy. Şonuň üçinem meniň küýüme şeýle bir zat geldi:

Firdöwsi (Taryhy roman)

Satym ULUGZADA Täjik ýazyjysy Satym Ulugzada 1911-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda, häzirki Özbegistanyň Namangan welaýatyndaky Warzyk gyşlagynda dünýä indi. Bilimi Daşkentde aldy, 1929-njy ýylda Täjik magaryf institutyny tamamlady.

Faraon (Roman)

(Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanlarynda). Bo­les­law PRUS, pol­ýak ýa­zy­jy­sy

Taryhy hakykatyň çeper beýançysy

Suratda: (çepden) Gurt Näzliýew, Amannazar Aşyrow, Atamyrat Atabaýew, Çary Gurbangylyjow, Ýazmyrat Mämmediýew, Kakajan Durdyýew, Rahman Babaýew, Bazar Öwezow (1980-nji ýyl). Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýazmyrat Mämmediýewiň ömrüne we döredijiligine dahylly söhbet

Ynam (Iňlis tymsaly)

Bir gezek Şöhle Günüň ýanyna baryp: — Men günüň-gününe Ýere baryp gaýdýan, ähli ýeri ýyladýan, ýöne ynsan ýüreginem ýyladyp göresim gelýär — diýýär.

Rowaýatlar ummanyndan

Pir pugta Pir Pugta tamdyryň piri hasaplanýar. Ýasalanda pir Pugtanyň ady bilen başlansa, tamdyryň maşgala rysgal getirýändigini aýdýarlar. Ir zamanda bir adam şägirtleri bilen tamdyr gurjak bolanda bir şägirt: