Gadym zamanlarda «Üç ýyllyk depe» diýen bir ýer bolupdyr. Ondan ýykylsaň üç ýyldan köp ýaşap bolmaýanlygyna ynanan oba ilaty oňa hut şu ady dakypdyr. Şonuň üçin hem adamlar bu depeden geçjek bolanlarynda ýykylmazlyk üçin, aşa hüşgärlik görkezipdirler.
Günlerde bir gün bir goja bazardan öýüne dolanyp gelýärkä, hälki gum depesini aşyp geçmeli bolupdyr. Halyndan ätiýaç edip, haýal ädim urup barşyna seresaply ýöremäge çalşypdyr. Emma ýoluň ortarasyna ýeteninde, garşysyndan gelýän bir kişä ýol berjek bolup, gyra çekilipdir. Şol badada daşa büdräp, depeden gaýdypdyr.