Galmagally jandarlar
Käbir jandarlar göwresi kiçi bolsa-da, batly ses çykarýarlar. Olar şeýle sesi haýsydyr bir howpuň golaýlaýandygyny beýlekilere habar bermek, başga bir jandary gorkuzmak we başga-da birnäçe sebäplerden çykarýarlar. Şeýle gaty sesli jandarlaryň käbiri barada gysgaça maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris: Kaşalot. Kitler toparyna degişli uly süýdemdiriji deňiz jandary bolan kaşalot Ýer ýüzüniň iň batly ses çykarýan jandary hasaplanýar. Onuň sesi 200 desibelden geçýär. Emma ses suwda howadakydan, ýagny ýerdäkiden has çalt hereket edýär. Bu ýagdaý göz öňünde tutulanda, alymlar onuň sesiniň howada, ýagny gury ýerde 170 desibele barabardygyny belleýärler.